logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Health /Ýurdumyza PZR testleriniň täze tapgyry gowşuryldy
  07.04.2022
1061
Ýurdumyza PZR testleriniň täze tapgyry gowşuryldy

6-nji aprelde Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy tarapyndan Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine COVID-19 ýokanjy anyklamak üçin Polimeraz zynjyrly reaksiýasynyň (PRZ) testleriniň nobatdaky tapgyry gowşuryldy.

Bu tapgyr, Bütindünýa banky tarapyndan maliýeleşdirilýän “Türkmenistanda COVID-19 ýokanjyna garşy göreşmek” taslamasynyň çäklerinde gowşuryldy. Gelip gowşan PRZ testleriniň umumy möçberi 193 müňden gowrak bolup, onuň bahasy 998 müň ýewro barabardyr.

“Türkmenistanda COVID-19 ýokanjyna garşy göreşmek” taslamasynyň umumy bahasy 20 million ABŞ dollaryna barabar bolup, ol BMGÖM we Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň ýurtdaky wekilhanasy bilen bilelikde amala aşyrylýar.