logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /Ýurdumyza täze ýer gazyjy tehnikalar gelip gowuşdy
  04.11.2022
1167
Ýurdumyza täze ýer gazyjy tehnikalar gelip gowuşdy

Ýurdumyzyň suw hojalyk pudagy üçin Ýaponiýadan «Komatsu» kysymly ýer gazyjy tehnikalar gelip gowuşdy. Bu barada, Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti bilen Ýaponiýanyň «Itochu Corporation» kompaniýasynyň arasynda Baş ylalaşyga gol çekildi. 1-nji tapgyrda gelip gowşan tehnikalar «D65EX-16» kysymly buldozerlerden ybaratdyr.

Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti Ýaponiýanyň «Itochu Corporation» kompaniýasy bilen birnäçe ýyllaryň dowamynda hyzmatdaşlyk edip gelýär. Şol hyzmatdaşlygyň çäklerinde Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti üçin Ýaponiýanyň «Komatsu» kysymly tehnikalarynyň ýüzlerçesi satyn alyndy. Satyn alnan tehnikalar ýurdumyzyň suw hojalyk desgalarynda özüniň ygtybarlylygyny görkezip, şu güne çenli netijeli we ýokary öndürijilikli peýdalanylýar.

Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti bilen Ýaponiýanyň «Itochu Corporation» kompaniýasynyň arasyndaky degişli ylalaşyga laýyklykda, täze taryhy döwrümizde ýurdumyzyň suw hojalygy pudagy üçin «Komatsu» kysymly ýer gazyjy tehnikalaryň 200-siniň, şol sanda 167 ekskawatoryň, 23 buldozeriň hem-de olar üçin ätiýaçlyk şaýlarynyň satyn alynmagy bellenildi. Täze buldozerler sowadyş, ýyladyş ulgamlary, şeýle-de olary dolandyrmak üçin ýörite monitor bilen üpjün edilendir. «Komatsu D65EX-16» kysymly buldozerleriň kuwwatlylygy 209 at güýjüne deň bolup, iş öndürijiligi sagatda ortaça 115 — 120 kub metre barabardyr.