logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /Ýurdumyzda 30 müňe golaý goşmaça iş orunlary dörediler
  23.09.2022
820
Ýurdumyzda 30 müňe golaý goşmaça iş orunlary dörediler

Şu gün Türkmenistanyň Döwlet Maslahaty geçirildi. Onda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow çykyş etdi. Döwlet Baştutanymyz öz çykyşynda, «Türkmenistanda 2022 ― 2028-nji ýyllarda Döwlet býujetiniň agramly bölegi, ozalkylary ýaly, durmuş ulgamyny maliýeleşdirmek üçin sarp ediljekdigini şeýle-de býujetiň serişdeleri durmuş-ykdysady ösüş strategiýasyny durmuşa geçirmegiň esasy ugurlaryna, ykdysadyýetiň innowasion ösüşini üpjün etmäge gönükdiriler» - diýip belläp geçdi.


Türkmenistanyň Prezidenti «Bu döwürde zähmet haklarynyň möçberini 1,8 esse artdyrarys. Ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda 30 müňe golaý goşmaça iş orunlaryny dörederis. Adam başyna düşýän ýaşaýyş jaýlarynyň umumy meýdanyny 102,2 göterim artdyrarys. Mekdebe çenli çagalar edaralarynyň 40-syny, orta mekdepleriň 54-sini, täze 4 sany ýokary hünär bilimi edarasyny, 10 sany döwrebap hassahanany, 7 sany medeniýet öýüni, şol sanda 500-den gowrak täze önümçilik we durmuş maksatly binalardyr desgalary gurarys» - diýip, öz çykyşynda belledi.