logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Economics /Ýurdumyzda 35 sany döwlet emlägini hususylaşdyrmak boýunça bäsleşikli söwdalar geçiriler
  26.04.2022
935
Ýurdumyzda 35 sany döwlet emlägini hususylaşdyrmak boýunça bäsleşikli söwdalar geçiriler

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi döwlet eýeçiligindäki 35 sany desgany hususylaşdyrmak boýunça nobatdaky bäsleşikli söwdalary yglan etdi. Bäsleşikli söwdalar 12-nji maýda Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde geçiriler.

Döwlet emlägini hususylaşdyrmak boýunça bäsleşikli söwdalarda Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň, «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň, «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň, «Türkmennebit» döwlet konserniniň, we Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap hem-de Mary welaýat häkimlikleriniň desgalary satuwa çykarylar.

Gatnaşyjylary hasaba almak bäsleşikli söwdalaryň geçiriljek güni sagat 9:00-da başlaýar.

Bäsleşikli söwdalara gatnaşmagyň tertibi hakynda maslahatlary hem-de hususylaşdyryljak desgalar baradaky goşmaça maglumatlary Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň emläk gatnaşyklary we telekeçiligi goldamak bölüminde hem-de welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň maliýe we ykdysadyýet müdirlikleriniň ugurdaş bölümlerinden alyp bolar.

Habarlaşmak üçin telefon belgiler:

Aşgabat şäherinde (+993 12) 92-26-11; 39-46-69/75;

Änew şäherinde (+993 137) 33-0-21; 33-1-80;

Balkanabat şäherinde (+993 222) 7-89-34; 7-89-17; 7-89-53;

Daşoguz şäherinde (+993 322) 9-10-19; 9-15-10;

Türkmenabat şäherinde (+993 422) 6-11-52; 6-11-59;

Mary şäherinde (+993 522) 6-06-87; 6-05-41.

Bäsleşikli söwdalarda satuwa çykarylýan desgalar baradaky maglumatlar bilen şu aşakdaky internet sahypasynyň üsti bilen hem tanşyp bilersiňiz: www.fineconomic.gov.tm