logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Agriculture /Ýurdumyzda gowaça ekişi başlandy
  21.03.2024
754
Ýurdumyzda gowaça ekişi başlandy

Hormatly Prezidentimiziň 15-nji martda geçiren mejlisinde bellenilen möhlete laýyklykda ýurdumyzyň Ahal, Balkan, Lebap hem-de Mary welaýatlarynda öňden gelýän asylly däbe görä il sylagly ýaşulylaryň bissimilla bermegi bilen gowaça ekişi başlandy. Daşoguz welaýatynda bolsa bu işe 27-nji martda girişiler.

 

 

Pagta ekmeklik ýurdumyzyň eksport kuwwatlygyny artdyrmak hem-de daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ýerini tutýan önümçilik pudaklary üçin möhüm pudak hasaplanylýar.

 

 

Türkmenistanda esasan gowaçanyň orta süýümli we inçe süýümli görnüşleri ösdürilip ýetişdirilýär. Geçen ýyl gowaça ekilýän meýdanlarynda esasan orta süýümli «Ýolöten-7», «Ýolöten-39», «Jeýhun», «S-2606», «Daşoguz-120», «Daşoguz-114», «Gubadag-3» ýaly sortlary giňden ekilýär. Inçe süýümli gowaça esasan Ahal we Mary welaýatlarynda ekilýär. Muňa garamazdan ýurdumyzda geçirilýän seçgiçilik işleriniň  hasabyna gowaçanyň 5 sany täze sorty ekilýär. Olar «Ýolöten-50», «Ýolöten-53», «Aşgabat-140», «Garaşsyzlyk-30» we «TOHU-17» ybarat.

 

 

Bu ýyldaky ekiş möwsüminde dürli kysymly traktorlar, oba hojalyk tehnikalary, dünýäde öňdebaryjy tehnikalary öndürýän “John Deere” kompaniýasyndan satyn alynan we telematik sanly elektron ulgam bilen enjamlaşdyrylan traktorlar ulanyldy.


Täzegül Garagoçowa,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.