logo

Latest news:
✦ Hormatly Prezidentimiz döwrebap şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy ✦ ✦ Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda golýazmalary öwrenmek boýunça ylmy hyzmatdaşlyk başlandy ✦ ✦ Dünýädäki iň döwrebap robot haýsy? ✦ ✦ «Biznes-Intellekt» bäsleşigi ýaş zehinleri ýüze çykardy ✦ ✦ Syýahatçylyk mekdebiniň talyplary türkmen haly sungaty bilen tanyşdylar ✦ ✦ TOHU-da ykdysadyýet ugrunda möhüm meseleler boýunça pikir alyşma duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ Saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti «Energoprom-2026» halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Azat Annadurdyýew: Sanly arheologiýa uly mümkinçilikleri açýar ✦
Home / Society /Ýurdumyzda güýzki ählihalk bag ekmek dabarasy geçiriler
  01.11.2022
1053
Ýurdumyzda güýzki ählihalk bag ekmek dabarasy geçiriler

Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň başlangyçlary bilen üstünlikli durmuşa geçirilýän ekologiýa syýasaty bu gün diňe bir ýurdumyzyň däl, eýsem, dünýä giňişliginiň bähbidine gönükdirilen çäreleri hem öz içine alýar. Şunda arassa ekologiýa gurşawyny döretmekligi bu ugurda alnyp barylýan möhüm ähmiýetli işleriň hatarynda görkezmek bolar. Hut şu maksat bilen hem ýurdumyzda her ýylda ýaz hem-de güýz möwsümlerinde köpçülikleýin bag ekmek dabaralaryna badalga berilýär. Diýarymyzda mähriban halkymyzyň eşretli durmuşda bagtyýar, sagdyn ýaşamagy üçin amatly toprak-howa şertlerinde pürli, saýaly we miweli baglaryň, şeýle hem üzümiň görnüşleriniň köpçülikleýin ekilişi guramaçylykly hem-de yzygiderli alnyp barylýar.

31-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynda oba hojalyk toplumyndaky işleriň ýagdaýy, welaýatlarda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýerine ýetirilişi hem-de ýurtda güýzki ählihalk bag ekmek dabarasyna taýýarlyk görlüşi bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Iş maslahatynyň dowamynda Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 5-nji noýabrynda tutuş ýurt boýunça geçiriljek ählihalk bag ekmek dabarasyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin degişli taýýarlyk işleriniň görülmelidigini belläp geçdi. Munuň özi ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, ýaşyl zolaklaryň gerimini giňeltmek, ekologiýa abadançylygyny gazanmak babatdaky işleriň ildeşlerimiz tarapyndan giň goldaw tapýandygynyň nobatdaky dabaralanmasydyr.

Goý, berkarar Diýarymyzy ekologiýa taýdan arassa, gür baglyga bürenýän ýurda öwürýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun! 

 

Jennet HOJANAZAROWA,

Türkmen döwlet binagärlik we gurluşyk
institutynyň mugallymy.