logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Politics /Ýurdumyzda güýzki ählihalk bag ekmek möwsümine badalga berildi
  05.11.2022
980
Ýurdumyzda güýzki ählihalk bag ekmek möwsümine badalga berildi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň güýzki möwsümine badalga berildi. Bu özboluşly ekologik çäre paýtagtymyzdaky Magtymguly Pyragynyň täze gurulýan beýik ýadygärliginiň ýanynda geçirildi.

Döwlet Baştutanymyz ilkinji agaç nahalyny oturtmak bilen, güýzki bag ekmek möwsümine ak pata berdi.

Belläp geçsek, şu ýyl Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda, saýaly, pürli, miweli baglaryň hem-de üzümiň jemi 3 million düýbüni ekmek göz öňünde tutuldy.

Şeýle-de şu gün köpçülikleýin bag ekmek dabarasy Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň golaýynda hem ýaýbaňlandyryldy.