logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Science and Education /Ýurdumyzda II Halkara matematika olimpiadasy başlandy
  22.04.2025
2503
Ýurdumyzda II Halkara matematika olimpiadasy başlandy

Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 131-nji orta mekdepde II Halkara Matematika Olimpiadasynyň dabaraly açylyş çäresi geçirildi. Bu çäre hormatly Prezidentimiziň başlangyçlaryna laýyklykda, ýaşlaryň bilimini we döredijiligini ösdürmek, halkara hyzmatdaşlygyny berkitmek maksady bilen guraldy.

 

15 ýurtdan – şol sanda Russiýa, Hytaý, Türkiýe, Saud Arabystany, Eýran, Pakistan ýaly ýurtlardan 231 sany mekdep okuwçysy we 49 mugallym gatnaşýar. Olar türkmen myhmansöýerligine laýyklykda, duz-çörek bilen garşylandy.

 

Açylyş dabarasynda zehinli çagalaryň çykyşlary, tanslar, aýdym-sazlar bilen baýlaşdyryldy. Şeýle-de, ýaşlaryň öňki ýyllarda gazanan üstünliklerini görkezýän sergi guraldy. Myhmanlar Türkmenistanyň Prezidentiniň hem-de Milli Lideriniň kitaplaryna aýratyn gyzyklanma bildirdiler.

 

Çykyş edenler ýaşlary ylma höweslendirmek, matematika ýaly möhüm ylymlara bolan gyzyklanmany artdyrmak bilen bir hatarda, bu halkara bäsleşigiň parahatçylygy we dostlugy dabaralandyrýandygyny aýtdylar.

 

Olimpiada gatnaşyjylaryň we tomaşaçylaryň ýüreklerinde şatlyk döreden bu çäre, ýaşlaryň bilim, döredijilik we dostluk ruhunda birleşmegine giň ýol açdy.

 

Has giňişleýin maglumat üçin.