logo

Latest news:
✦ Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda golýazmalary öwrenmek boýunça ylmy hyzmatdaşlyk başlandy ✦ ✦ Dünýädäki iň döwrebap robot haýsy? ✦ ✦ «Biznes-Intellekt» bäsleşigi ýaş zehinleri ýüze çykardy ✦ ✦ Syýahatçylyk mekdebiniň talyplary türkmen haly sungaty bilen tanyşdylar ✦ ✦ TOHU-da ykdysadyýet ugrunda möhüm meseleler boýunça pikir alyşma duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ Saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti «Energoprom-2026» halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Azat Annadurdyýew: Sanly arheologiýa uly mümkinçilikleri açýar ✦ ✦ Kompýuter tehnologiýasynyň ösüşi ✦
Home / Science and Education /Ýurdumyzda ilkinji gezek ýazylan Wizual görnüşli gollanmanyň awtory
  26.09.2023
1629
Ýurdumyzda ilkinji gezek ýazylan Wizual görnüşli gollanmanyň awtory

Ýurdumyzda daşary ýurt dillerini öwrenmekde dil baýlygyny artdyrmakda Türkmenistanyň  diňe bir içerki ykdysady kuwwatyny däl, eýsem  daşary ýurtlar bilen bilelikde hyzmatdaşlyga giň ýol açmakda uly ähmiýetli işler alynyp barylýar.

 

 

Ýaňy ýakynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasyň we Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Merkezi Geňeşiniň guramagynda «Ýaş alymlar» bäsleşigi geçirildi. Bu geçirilen bäsleşige jemi 1362 adam gatnaşyp olardan 487 talyp, okuwçylary şeýle hem 875 sany ýaş alymlary öz taslamalaryny görkezdiler.

 

 

Bu bäsleşige Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň Kompýuter ylymlary we maglumat tehnologiýalary fakultetiniň III ýyl talyby Dilnoza Rozumbaýewna Mamutniýazowa hem özüniň "Köp dilli wizual sözlük arkaly daşary ýurt dillerini özbaşdak öwrenmegiň innowasion usullary"  atly ylmy işi bilen gatnaşdy.

 

 

 

Dilnoza ýurdumyzda ilkinji gezek ýazylan jemi 4 dilde, 3 uly bölüm hem-de 650 sahypadan ybarat bolan ýokary hilli dizaýn edilen Wizual görnüşli uly gollanma ensklopediýanyň awtory. Programma esasan dürli dillerdäki sözleri hemişelik ýatda saklamaga ýardam berýär. Ol bu mobil goşundy bilen, Türkmenistanyň Bilim Ministrliginiň gurnamagynda Ýaşlaryň arasynda ykjam programma üpjünçiligini işläp taýýarlamak boýunça geçirilen "Sanly innowasiýalar" atly taslama bäsleşikde ýeňiji bolup baýrakly orna mynasyp boldy.

 

 

Programma arkaly täze sözi öwrenmek prosesi sözüň suratyny görmek, sesli okalyşyny diňlemek, sözüň ýazylyşyny okamak, sözi sözlemiň içinde mysal getirmek, ýazmaça we test görnüşinde synag etmek arkaly amala aşyrylýar. Bu ylmy işiň netijesinde Dilnoza - 2023-nji ýylda geçirilen Türkmenistanyň Ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça bäsleşikde, Maglumat we aragatnaşyk ulgamlary, Kompýuter Tehnologiýalary ugry boýunça I orna mynasyp boldy, hem – de Türkmenistanyň Prezidentiniň we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan şa serpaýyna eýe boldy.

 

 

Şeýle-de, Dilnoza 7 dilde gürlemegi başarýar. Olardan: iňlis dili, rus dili, italýan dili, ispan dili, türk dili, azerbeýjan dili we ýapon dilleri. Şolaryň esasynda dürli dillerde 2023-nji ýylyň dowamynda abraýly Halkara indekslenýän žurnallarda çap edilen 7 sany ylmy makalaň awtory bolmak bilen bir hatarda olaryň hersi  üçin ýörite daşary ýurt tarapyndan sertifikat bilen sylaglanyldy.