logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /Ýurdumyzda itleri goramak üçin kanun kabul edildi
  27.07.2022
859
Ýurdumyzda itleri goramak üçin kanun kabul edildi

Ýurdumyzda tohum itleriň genofonduny gorap saklamaga gönükdirilen we itler köpeldilen, ösdürilip ýetişdirilen, ulanylan mahalynda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýän “Itçilik we kinologiýa işi hakynda” Kanun çap edildi we güýje girdi.

Kanunda bellenilşine görä, göz öňünde tutulan aýratyn ýagdaýlardan başga ýagdaýda itleri gözegçiliksiz goýmak we ýok etmek şeýle-de itleri öldürmek we tutmak üçin adamkärçiliksiz usullaryň, şol sanda zäher we duzak (gapan) ulanylmagy gadagan edilýär.

Resminama laýyklykda, Türkmenistanda raýatlar tarapyndan tohum itleri goramak, itşynaslaryň tohum itleri bilen tohumçylyk işlerini alyp barmak we kinologiýa işini amala aşyrmak üçin kinoligik klublary döredilip bilner.