logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Economics /Ýurdumyzda kuwwatlylygy 1 müň 574 megawat bolan elektrik stansiýasy gurlar
  15.03.2023
1215
Ýurdumyzda kuwwatlylygy 1 müň 574 megawat bolan elektrik stansiýasy gurlar

Balkan welaýatynyň çäginde kuwwatlylygy 1 müň 574 megawat bolan utgaşykly dolanyşykda işleýän elektrik stansiýasy gurlar. Bu barada Hökümet mejlisiniň barşynda bellenilip geçildi.

Bellenilişi ýaly, utgaşykly dolanyşykda işleýän elektrik stansiýasynyň gurluşygy 2023-nji ýyl üçin maýa goýum Maksatnamasynda göz öňünde tutulýar.

Türkmenistanda kuwwatlylygy 1 müň 574 megawat bolan utgaşykly dolanyşykda işleýän birinji elektrik stansiýasy Mary welaýatynyň çäginde 2018-nji ýylyň sentýabr aýynda gurlup, ulanylmaga berildi. Bu ýerde General Electric (ABŞ) kompaniýasynyň her biriniň kuwwatlylygy 263,5 MWt bolan 4 sany gaz turbinasy, her biri 260 MWt bolan iki sany bug turbinasy oturdyldy.

Belläp geçsek, Türkmenistanda gurlan ilkinji bug gaz elektrik stansiýasy Merkezi Aziýada iň irisi diýlip ykrar edildi.

Peýdaly täsir koeffisenti 34%-e deň bolan adaty aýlawly elektrik stansiýasy bilen deňeşdirilende, utgaşykly işleýän elektrik stansiýasynyň PTK-sy 1,5 esseden gowrak ýokarlanýar we 56%-e çykýar. Mundan başga-da, ýangyç hökmünde ulanylýan tebigy gazyň sarp edilişi düýpli azaldylýar.

Bug gaz elektrik stansiýalary ekologiýa nukdaýnazaryndan hem artykmaçlyga eýedir. Bularda atmosfera zyňylýan kömürturşy gazynyň möçberi 2-3 esse azalýar.

Häzirki wagtda türkmen elektrik energiýasy goňşy — Eýrana, Owganystana, Özbegistana we Gyrgyzystana iberilýär. Geljekde onuň eksportyny Özbegistanyň we Eýranyň üsti bilen üçünji ýurtlara çenli ýetirmek meýilleşdirilýär.  

 

Yslam TYLLANUROW,

Türkmen döwlet binagärlik we
gurluşyk institutynyň Inžener-mehanika
fakultetiniň dekany.