logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Economics /Ýurdumyzda pagta ýygymyna badalga berler
  03.09.2022
884
Ýurdumyzda pagta ýygymyna badalga berler

2-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

 

 

Mejlisiň dowamynda wise-premýer A.Ýazmyradow ýurduň oba hojalyk ulgamynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şeýle-de möhüm möwsüm bolan pagta ýygymyna girişmäge ak pata bermegini haýyş etdi. Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, ýurduň Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda pagta ýygymyna 7-nji sentýabrda, Daşoguz welaýatynda bolsa 14-nji sentýabrda girişmäge ak pata berdi. Şeýle-de oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän wise-premýere möwsümi üstünlikli tamamlamak boýunça degişli tabşyryklary berdi.

 

 

Belläp geçsek, şu ýyl Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, 580 müň gektara gowaça ekilip, ondan 1 million 250 müň tonna hasyl almak meýilleşdirilýär.