logo

Latest news:
✦ Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda golýazmalary öwrenmek boýunça ylmy hyzmatdaşlyk başlandy ✦ ✦ Dünýädäki iň döwrebap robot haýsy? ✦ ✦ TOHU-da ykdysadyýet ugrunda möhüm meseleler boýunça pikir alyşma duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ Saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti «Energoprom-2026» halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Azat Annadurdyýew: Sanly arheologiýa uly mümkinçilikleri açýar ✦ ✦ Kompýuter tehnologiýasynyň ösüşi ✦ ✦ Talyplar we ýaş telekeçiler eksport boýunça amaly maslahatlar aldy ✦ ✦ TOHU-da ýaşlaryň marketing bilimini artdyrmak üçin açyk sapak guraldy ✦
Home / Sports /Ýurdumyzda sportuň täze fijital görnüşi boýunça ýaryşlar geçiriler
  28.03.2024
555
Ýurdumyzda sportuň täze fijital görnüşi boýunça ýaryşlar geçiriler

2024-nji ýylyň 1 – 6-njy apreli aralygynda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň we umumybilim berýän orta mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda «Hereketli we sanly sport — sportda innowasiýalar» atly sportuň täze fijital görnüşleri (physical+digital) boýunça ýaryşlaryň hem-de açyk gapylar hepdeligi geçiriler. Ýaryşlar we ugurdaş çäreler Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy hem-de Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty tarapyndan bilelikde guralar.

 

Bu çäräniň dowamynda «Sagdynlyk we ruhubelentlik — döwrüň şygary, äleme nusgadyr dana Pyragy» atly ylmy-amaly maslahat, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň «Açyk gapylar» hepdeligi, «Ylymda, bilimde we sportda innowasion tehnologiýalar» atly ylmy-amaly maslahat we onuň çäklerinde ýokary tehnologiýalaryň sergisi, şeýle-de talyplaryňdyr okuwçylaryň arasynda fijital-basketbol, fijital-stol tennisi, fijital-karate-do, fijital-futbol ýaly ugurlar boýunça ýaryşlar geçiriler.

 

Ýeri gelende belläp geçsek, fijital sport (hereketli-sanly sport) — sportuň toplumlaýyn görnüşi bolup, türgen ýekelikde ýa-da toparlaýyn sportuň belli bir görnüşi boýunça hereketli hem sanly wirtual dünýäde garşydaşy bilen bäsleşýär. Ol «physical» we «digital» diýen iňlis sözleriniň birigmeginden dörän «hereketli-sanly sport» diýen manyny berýär.

 

Nurýagdy GARÝAGDYÝEW,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky 
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň 
Energetika we inženerçilik desgalary 
fakultetiniň talyby.