logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Economics /Ýurdumyzda şu ýyl 17 müň 900 gektara gant şugundyry ekiler
  12.06.2022
1505
Ýurdumyzda şu ýyl 17 müň 900 gektara gant şugundyry ekiler

11-nji iýunda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň Prezidentine, wise-premýer A.Ýazmyradow ýurduň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Mejlisiň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary döwlet Baştutanynyň garamagyna «Türkmenistanda 2022-nji ýylda gant şugundyryny öndürmek hakyndaky» Kararyň taslamasy hödürledi. Resminama laýyklykda, şu ýyl umumy meýdany 17 müň 900 gektara gant şugundyry ekmek we ondan 224 müň tonna hasyl almak göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, Balkan welaýatynda 3 müň gektara gant şugundyryny ekilip, ondan 24 müň tonna hasyl alnar. Mary welaýatynda bolsa 14 müň 900 gektara gant şugundyry ekilip, ondan 200 müň tonna hasyl almak göz öňünde tutulýar.