logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Economics /Ýurdumyzda şu ýyl 2 müň 300 tonna pile öndüriler
  29.03.2022
937
Ýurdumyzda şu ýyl 2 müň 300 tonna pile öndüriler

Ýurdumyzda  ýüpekçiligi ösdürmek boýunça döwlet derejesinde döredilen mümkinçiliklerden netijeli peýdalanylyp, şu ýyl ýurtda jemi 2 müň 300 tonna pile öndürmek meýilleşdirilýär. Şeýle hem häzirki wagtda welaýatlarda ýüpek gurçugynyň tohumlaryny taýýarlamak hem-de pile öndürijiler bilen şertnamalary baglaşmak boýunça degişli işleriň alnyp barylýar. Bu barada wise-premýer E.Orazgeldiýew 28-nji martda sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatynyň dowamynda, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz pile öndürmek möwsümine taýýarlyk görülmegi bilen baglylykda, welaýatlarda pile öndürijiler bilen şertnamalary baglaşmak we olary ýüpek gurçugynyň ýokary hilli tohumlary bilen üpjün etmek boýunça wise-premýere birnäçe degişli görkezmeleri berdi.

Belläp geçsek, 2021-nji ýylda ýurdumyzda ýüpek gurçugyndan 2100 tonnadan gowrak pile öndürildi.