logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Economics /Ýurdumyzda süýt we ýag önümlerini öndürýän täze zawodlar dörediler
  09.03.2024
563
Ýurdumyzda süýt we ýag önümlerini öndürýän täze zawodlar dörediler

Ýurdumyzda hereket edýän açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetleriniň birnäçesini Azyk senagaty döwlet birleşiginiň garamagyna bermek we olaryň binýadynda süýt önümlerini we ýag öndürýän zawodlary döretmek barada teklip hödürlendi. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisde hasabat berdi.

 

 

Ýurdumyzda milli ykdysadyýetiň okgunly ösdürilmegini üpjün etmek hem-de ilty ýokary hilli azyk önümleri bilen üpjünçiligini gowulandyrmaga degişli durmuşa geçirilýän çäreler yzygiderli dowam etdirilýär. Häzirki wagtda azyk önümlerini öndürýän paýdarlar jemgyýetlerini dolandyrmagy kämilleşdirmek we olaryň guramaçylyk-hukuk görnüşlerini özgertmek maksady bilen, degişli işler amala aşyrylýar.

 

 

Azyk senagaty pudagyny ösdürmek hem-de ilatymyzy ýurdumyzda öndürilýän ýokary hilli azyk önümleri bilen bolelin üpjün etmek meseleleri hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hemişe üns merkezinde saklanýar. 

 

 

Azyk howpsuzlygyny berkitmek we azyk bolçulygyny üpjün etmek ýurdumyzyň ykdysady syýasatynyň möhüm ugurlarydyr. Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy, onuň ýöriteleşdirilen edaralary, şol sanda guramanyň Azyk we oba hojalyk guramasy (FAO) bilen netijeli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýär.

Hojaniýaz ANNADURDYÝEW,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.