logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Economics /Ýurdumyzda ýangyç-energetika pudagynyň ösüşi
  07.11.2023
855
Ýurdumyzda ýangyç-energetika pudagynyň ösüşi

       Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, energetika boýunça hyzmatdaşlygyň ugurlaryny has-da giňeltmek arkaly pudaga innowasion tehnologiýalary we nou-haulary işjeň ornaşdyrmak, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak möhümdir. Watanymyz ägirt uly tebigy serişdelere, baý uglewodorod gorlaryna eýe bolmak bilen, içerki we daşarky bazarlarda uly isleglerden peýdalanýan, bäsdeşlige ukyply, ýokary hilli, ekologik taýdan arassa önümler babatdaky talaby kanagatlandyrmak üçin olary tutuş adamzadyň bähbidine gönükdirýär.

 

Bu ulgamda iri taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Olar döwletara söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmek nukdaýnazaryndan, şeýle hem daşky gurşawy goramak ulgamynda ählumumy wezipeleri çözmek, ekologiýa taýdan arassa energiýany ulanmaga geçmek babatda möhüm ähmiýete eýedir. Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasy ägirt uly geosyýasy we geoykdysady ähmiýete eýedir. Täze energiýa köprüsi türkmen tebigy gazynyň Günorta Aziýa ýurtlaryna uzakmöhletli iberilmegini üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, tutuş sebitiň durmuş-ykdysady taýdan ösmegi bu ýerde işewür hyzmatdaşlygy we durnuklylygy pugtalandyrmak üçin örän wajypdyr.

 

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň “Türkmennebit” we “Türkmengaz” döwlet konsernlerine, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasyna maliýe goldawyny bermek hakynda Kararyna laýyklykda, geljek iki ýylyň dowamynda nebitiň goşmaça möçberleriniň çykarylyşyny maliýeleşdirmek üçin zerur çäreler durmuşa geçirilýär. Täze nebitgaz ýataklaryny gözlemegiň we özleşdirmegiň hasabyna ýakyn ýyllarda tebigy gazyň, nebitiň möçberlerini artdyrmak boýunça işleriň meýilnamasyna laýyklykda, birnäçe nebitgaz ýataklarynda ulanyş-baha beriş guýularyny burawlamak, gaz geçirijileri çekmek işleri alnyp barylýar, Bagajadaky gazy gaýtadan işleýän desgany doly kuwwatynda ulanmak babatda degişli tagallalar edilýär.

 

 

Watan ANNAÇARYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň
Energo-tehnologiýa fakultetiniň elektro we ýylylyk
energiýasyny öndüriji tehnologiýalar toparynyň talyby.