logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Economics /Ýurdumyzda ykdysady ösüşler
  22.09.2025
2083
Ýurdumyzda ykdysady ösüşler

Ýurdumyzyň ykdysadyýeti soňky ýyllarda strategik ugurlarda ösüş gazanmak bilen birlikde, halkara ykdysady giňişliginde hem öz ornuny pugtalandyrýar. Täze ykdysady syýasatlar, maýa goýumlary üçin döredilýän amatly şertler, importuň ornuny tutýan önümçilik we eksport mümkinçilikleriniň giňeldilmegi ýurdumyzda durnukly ykdysady ösüşi üpjün edýär.

 

Ýurdumyzyň ykdysady ösüşinde hususy sektory ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Kiçi we orta telekeçilige döwlet tarapyndan berilýän goldaw, ýeňillikli karzlar, eksport üçin höweslendirme çäreleri hususy pudagyň ösüşini has-da çaltlandyrýar.

 

Ýurdumyzda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň işjeňleşmegi, ýaş telekeçiler üçin döredilýän mümkinçilikler, sergiler, forumlar we startap taslamalar üçin goldawlar häzirki ykdysady ösüşiň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.
Türkmenistan dünýäniň iň iri tebigy gaz gorlaryna eýe ýurtlarynyň biri hökmünde, energetika strategiýasyny eksporty diwersifikasiýalaşdyrmak esasynda gurýar. Galkynyş gaz käniniň giňden özleşdirilmegi, TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygy, şeýle-de Hytaýa, Eýrana we beýleki ýurtlara energiýa akymlarynyň artdyrylmagy ýurduň ykdysady girdejileriniň ýokarlanmagyna güýçli itergi berýär.

 

Şeýle hem ýurdumyzda daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek maksady bilen halkara derejesindäki möhüm çäreler yzygiderli geçirilýär. Hususan-da «Türkmenistanyň nebiti we gazy» («OGT 2025») atly halkara forumy ýurdumyzyň energetika pudagyndaky hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegine, täze maýa goýum taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine we öňdebaryjy daşary ýurt kompaniýalary bilen gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly mümkinçilikleri döredýär.

 

Arslan OTUZOW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
instituynyň talyby.