logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Society /Ýurdumyzdan 275 zyýaratçy haj parzyny berjaý edip geldi
  28.07.2022
875
Ýurdumyzdan 275 zyýaratçy haj parzyny berjaý edip geldi

Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken resminamasyna laýyklykda, şu ýylyň 2-nji iýulynda 275 zyýaratçy Saud Arabystany Patyşalygyna iberildi. Musulmanlaryň mukaddes Gurban aýynda haj parzyny berjaý eden türkmen zyýaratçylary Türkmenistana dolanyp geldiler.

Ýurdumyzyň zyýaratçylary, zyýarat wagtynda zerur bolan ähli şertler, awtoulaglardyr beýleki hyzmatlar bilen ýokary derejede üpjün edildi. Zyýaratçylar keramatly Käbede, ekiz şäherler diýlip bilinýän Mekge we Medine şäherlerinde, Safa we Merwe daglarynyň arasynda, Zemzem çeşmesiniň töwereklerinde, Arafat, Mina, Nur daglarynda we beýleki mukaddes ýerlerde zyýarat etdiler.

Belläp geçsek, türkmen zyýaratçylaryny zyýarata eltmek we yzyna getirmegi Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenhowaýollary» agentligi öz serişdeleriniň hasabyna ýörite guralan gatnaw arkaly amala aşyrdy.