logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Society /Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde mekdep bazarlary hereket edip başlady
  03.08.2022
689
Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde mekdep bazarlary hereket edip başlady

      Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ýetip gelýän täze okuw ýylyna ýokary derejede taýýarlyk görülýär. Has dogrusy,  paýtagtymyzda we welaýatlarda okuw ýylynyň öň ýanynda Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi tarapyndan guralan, mekdep bazarlary hereket edip başlady.
      Bu bazarlardan, ak mekdebiň bosagasyndan ilkinji gezek ätlejek şeýle-de täze okuw ýylyna taýýarlyk görýän talyp ýaşlar mekdep bazarlaryndan gerekli okuw esbaplaryny satyn alýarlar. Mekdep bazarlarynda talyp ýaşlar üçin niýetlenen okuw esbaplary, ýurdumyzyň telekeçileri we Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan öndürilen önümler özüniň köpdürlüligi bilen tapawutlanýar. Şeýle hem, Türkmenistanyň Dokma Senagaty ministrliginiň tikinçilik kärhanalarynyň we türkmen telekeçileriniň öndüren dürli ölçegdäki mekdep lybaslary hil taýdan göze gelüwliligi bilen alyjylaryň göwnünden turýar.