logo

Soňky täzelikler:
✦ Bitaraplyk — türkmen halkynyň synmaz ýoly ✦ ✦ Dil bilen dünýäni gezer ✦ ✦ Ýaşlar — Watanymyzyň geljegi ✦ ✦ Bilim bermekde okuwçynyň pikirleniş ukybyny ösdürmek möhümdir ✦ ✦ Garabogaz - Gazagystan serhetýaka awtomobil ýolunyň 44 kilometrlik bölegi açyldy ✦ ✦ Daşoguzda ýylda 700 müň tonna azotly dökün öndürjek toplum gurlar ✦ ✦ Daşoguzda pagta çigidini gaýtadan işleýän täze kärhana gurlar ✦ ✦ Aşgabat - Daşoguz awtomobil ýoly täze tapgyrda ulanylmaga beriler ✦ ✦ Daşoguz welaýatynda ulag we senagat ösüşiniň täze taslamalaryna badalga berildi ✦ ✦ Ykdysadyýetiň görnüşleriniň ösüşi ✦
Baş sahypa / Saglyk /Ýurdumyzyň bilim edaralary sanitariýa düzgünleriniň berjaý edilmegine gözegçiligi güýçlendirer
  02.09.2022
1027
Ýurdumyzyň bilim edaralary sanitariýa düzgünleriniň berjaý edilmegine gözegçiligi güýçlendirer

Mälim bolşy ýaly düýn, ýurdumyzda täze okuw möwsümi başlandy. Ýurduň çäginde hereket edýän ähli bilim edaralarynda sapaklar öňki tertipde okadylyp başlady.

 

 

Türkmenistanda Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň 2022-nji ýylyň 6-njy iýulynda geçirilen mejlisiniň çözgüdi esasynda täze okuw ýylynda okuwlar adaty tertipde alnyp barlar we bilim edaralarynda agyz-burun örtükleriniň ulanylyşy gözegçilikde saklanar.  Toparyň 21-nji awgustdaky mejlisiniň çözgüdine laýyklykda, mekdeplerde sanitariýa, arassaçylyk-gigiýena we öňüni alyş-zyýansyzlandyryş işleri has-da güýçlendiriler.