logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Economics /Ýurdumyzyň çäginde üstaşyr ýük daşalyşynyň möçberi 17 % ýokarlandy
  14.03.2024
544
Ýurdumyzyň çäginde üstaşyr ýük daşalyşynyň möçberi 17 % ýokarlandy

Türkmenistanyň amatly ykdysady geografik şertlerde ýerleşýänligi ýurdumyzyň çäginden geçirilýän üstaşyr ýükleriň daşalmagyna örän uly täsir edýär. Soňky ýyllarda sebitara ýollaryň durkunyň täzelenip, döwrebap şertleriň döredilmegi bilen üstaşyk ýük daşalyşy yzygiderli ýagdaýda artýar. customs.gov.tm habar bermegine görä 2023-nji ýyl boýunça Türkmenistanyň çäginden üstaşyr daşalan ýükleriň möçberi 17 %  ýokarlandy.

 

 

2024-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlary boýunça bu görkeziji 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde 5 % artdy.

 

 

Häzirki wagtda ýurdumyzyň çäginden geçýän üstaşyr geçelgeleriň özüne çekijiligini ýokarlandyrmak mkasady bilen, serhetýakada ýerleşýän gümrük nokatlarynda amatly mümkinçilikler döredilýär. Gümrük amallarynyň doly awtomatlaşdyrylmagy we gümrük barlaglarynda kämil enjamlaryň mümkinçiliklerinden peýdalanylmagy, ulag serişdeleriniň gümrük nokatlarynda bökdençsiz geçirilmegini üpjün edýär. Bu ýagdaýlar bolsa, soňky ýyllarda Türkmenistanyň çäginden üstaşyr ýükleriň daşalmagyna gyzyklanmalary has-da artdyrýar. 

 

 

Ozal bellenilip geçilşi ýaly 2020-nji ýyldan bäri üstaşyr geçirilýän harytlaryň möçberi 206% ýa-da 3 esse ýokarlandy. Şunda awtoulagly üstaşyr daşamalar 585%, demir ýol ýük daşamalaryň mukdary bolsa 104% artdy.
 

Nurjahan ÇARYÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
1-nji ýyl talyby.