logo

Latest news:
✦ Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda golýazmalary öwrenmek boýunça ylmy hyzmatdaşlyk başlandy ✦ ✦ Dünýädäki iň döwrebap robot haýsy? ✦ ✦ TOHU-da ykdysadyýet ugrunda möhüm meseleler boýunça pikir alyşma duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ Saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti «Energoprom-2026» halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Azat Annadurdyýew: Sanly arheologiýa uly mümkinçilikleri açýar ✦ ✦ Kompýuter tehnologiýasynyň ösüşi ✦ ✦ Talyplar we ýaş telekeçiler eksport boýunça amaly maslahatlar aldy ✦ ✦ TOHU-da ýaşlaryň marketing bilimini artdyrmak üçin açyk sapak guraldy ✦
Home / Science and Education /Ýurdumyzyň geljegi ýaşlar bilendir
  11.09.2021
605
Ýurdumyzyň geljegi ýaşlar bilendir

Hormatly Prezidentimiz altyn güýziň ilkinji “Bilimler we talyp ýaşlar gününde” milli bilim ulgamynyň okgunly ösýändigini alamatlandyrýan wakalar bilen garşylaýan türkmen ýaşlary bilen duşuşyp, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň geçen taryhy ýoly, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş ösüşi, häzirki ýaşlarymyzyň döwletiň, jemgyýetiň, ene-atanyň we maşgalanyň öňündäki wezipe borçlary hakynda ýaşlara umumy okuw sapagyny geçdi.

         Bu möhüm senede halkymyz altyn sahypalar bilen taryha girjek “Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilen ýylyň her bir gününi şanly wakalara hem-de zähmet üstünliklerine besleýär. Bu gün baý many-mazmunly, ýokary döredijilik ruhuna ýugrulan çäreler eziz Diýarymyzyň ähli sebitlerini gurşap alýar. Şol çäreler mukaddes Garaşsyzlygymyzy, bagtyýar durmuşymyzy dabaralandyrmak bilen, bilimler baýaramynyň ägirt uly ähmiýetini açyp görkezýär. Bu şanly dabaralaryň dowam edýän günlerinde häzirki zaman multimediýa enjamlarydyr sanly tehnologiýalar bilen üpjün edilen döwrebap orta mekdepleriň birnäçesi açylyp ulanylmaga berildi. Bilimler dünýäsine ilkinji gezek gadam basýan körpelerimize ýadygärlik sowgat hökmünde “Bilimli” atly türkmen, iňlis, rus dillerinde maglumatlary özünde jemleýän kompýuterleri gowşuryldy. Döwlet Baştutanymyz uly höwes bilen okamagy, öwrenmegi, döretmegi, eziz Watanymyzyň şan-şöhratyny belende galdyrmagy bagtyýar ýaşlarymyzyň borjy hasaplaýandygyny belläp geçdi. Ylym ulgamynyň binýadyny berkitmek, ýokary tehnologiýalara, düýpli nazary ylymlara esaslanýan sanly ykdysadyýeti döretmek boýunça toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ylmy-barlag institutlarynda, ýokary okuw mekdepleriniň ylmy-tehnologik, ylmy taslama merkezlerinde, tejribe önümçilik barlaghanalarynda, pudaklaýyn we pudagara ylmy guramalarda ylma, döredijilige höwesli ýaşlaryň täze nesli zähmet çekýär. Zehinli ýaşlarymyz ylmyň ileri tutulýan ugurlary boýunça gymmatly ylmy barlaglary alyp barýarlar. Bilim edaralary döwrebap okuw kitaplarydyr gollanmalary bilen yzygiderli üpjün edilýär.

         Duşuşykda Hormatly Prezidentimiz talyplara we okuwçylara ýüzlenip, merdana halkymyzyň gadymy döwürlerden bäri nesilleriň sazlaşykly ösüşine we terbiýesine aýratyn ähmiýet berip gelendigini nygtap geçdi. Häzirki wagtda türkmen halkynyň gadymy taryhynyň, özboluşly däp-dessurlarynyň we baý medeni mirasynyň dikeldilýän we çuňňur öwrenilýän, milletiň ruhy taýdan galkynýan                         zamanynda- Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe dürli wagtlarda ýurdumyzy syýasy, durmuş-ykdysady we medeni taýdan ösdürmäge aýratyn uly goşant goşan adamlara uly sarpa goýulýar, olaryň atlaryny ebedileşdirmek barada alada edilýär. Ýaňy ýakynda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde gadymy Babarap obasynda gurlan we häzirki zaman talaplaryna laýyk abzallaşdyrylan mekdebe zähmet we durmuş ýoly şu günki türkmen ýaşlary üçin uly görelde mekdebi bolup durýan Annak Sähetmyradowyň adynyň dakylmagy bolsa obanyň ýaşaýjylarynyň başyny göge ýetirdi.

         Ýurdumyzda bilim ulgamyny ösdürmekde we bu ulgamyň işini dünýä ülňülerine laýyk derejede guramakda alyp barýan atalyk aladalary üçin  Gahryman Arkadagymyza çäksiz hoşallygymyzy bildirip sag bolsunymyzy aýdýarys.