logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Economics /Ýurdumyzyň Hytaýa tebigy gaz eksporty $2,87 milliarda barabar boldy
  23.05.2022
1272
Ýurdumyzyň Hytaýa tebigy gaz eksporty $2,87 milliarda barabar boldy

Şu ýylyň ýanwar-aprel aralygynda Türkmenistan Hytaýa 2 milliard 870 million ABŞ dollarlyk tebigy gaz iberdi. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwrüniň görkezijisinden 1,53 esse ýokarydyr.

Hytaýyň Baş gümrük müdirliginiň beren hasabatyna görä, Hytaýyň turbageçiriji arkaly tebigy gazy bilen üpjün edýän ýurtlaryň arasyna Russiýa hem girdi. Russiýanyň Hytaýa tebigy gaz eksporty 1 milliard 40 million ABŞ dollaryna barabar bolup, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 2,67 esse artdy.

Häzirki wagtda ýurdumyz Türkmenistan-Özbegistan-Gazagystan-Hytaý ugry boýunça uzaýan üç sany gaz geçirijisi arkaly öz ýangyjyny Hytaýa eksport edýär. Turba geçiriji ulgamy ýylda 55 milliard kubmetr gaz daşamaga mümkinçilik berýär. Onuň üsti bilen ugradylýan gazyň köp bölegi Türkmenistandan we galan bölegi Gazagystandan hem-de Özbegistandan alynýar.