logo

Latest news:
✦ Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda golýazmalary öwrenmek boýunça ylmy hyzmatdaşlyk başlandy ✦ ✦ Dünýädäki iň döwrebap robot haýsy? ✦ ✦ TOHU-da ykdysadyýet ugrunda möhüm meseleler boýunça pikir alyşma duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ Saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti «Energoprom-2026» halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Azat Annadurdyýew: Sanly arheologiýa uly mümkinçilikleri açýar ✦ ✦ Kompýuter tehnologiýasynyň ösüşi ✦ ✦ Talyplar we ýaş telekeçiler eksport boýunça amaly maslahatlar aldy ✦ ✦ TOHU-da ýaşlaryň marketing bilimini artdyrmak üçin açyk sapak guraldy ✦
Home / Politics /Ýurdumyzyň ösüş ýolunyň täze tapgyry
  07.01.2026
400
Ýurdumyzyň ösüş ýolunyň täze tapgyry

Türkmenistanyň döwletçilik ýörelgelerinde her ýyly aýratyn many-mazmun bilen atlandyrmak asylly däp hökmünde dowam etdirilýär. Türkmenistanyň Mejlisiniň Kararyna laýyklykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 2026-njy ýyly «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýip yglan etdi. Bu şygar ýurdumyzyň ösüş ýolundaky täze tapgyryny alamatlandyryp, halkymyzyň milli buýsanjyny we geljege bolan ynamyny özünde jemleýär.

 

Şygaryň esasy many-mazmunynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň mizemezligi we hemişelik Bitaraplyk derejesiniň halkara jemgyýetçiligi tarapyndan giňden ykrar edilmegi möhüm orun eýeleýär. Parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli hyzmatdaşlyk we özara ynanyşmak ýörelgeleri döwletimiziň daşary syýasatynyň binýady bolup durýar. Bu ýörelgeler Türkmenistanyň dünýäde durnuklylygyň we parahatçylygyň tarapdary hökmünde abraýyny has-da berkitýär.

 

Şygarda aýratyn nygtalýan bedew batly at türkmen halkynyň köpasyrlyk taryhyndan gözbaş alýan milli nyşandyr. Ol gaýratyň, erkinligiň, öňe okgunlylygyň hem-de beýik maksatlara ýetmegiň alamaty hökmünde halkymyzyň ruhy dünýäsinde aýratyn orun tutýar. Bedew at häzirki döwürde ýurdumyzyň ykdysady, medeni we ruhy ösüşleriniň sazlaşygyny hem-de täze üstünliklere bolan ymtylyşy şöhlelendirýär.

 

2026-njy ýylyň şygary diňe bir manyly at däl, eýsem, ýurdumyzda alnyp barylýan giň möçberli özgertmeleriň, täze taslamalaryň we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda gazanylýan üstünlikleriň ruhy binýadydyr. Ol jemgyýetçilik-syýasy çäreleriň, medeni-köpçülikleýin dabaralaryň hem-de zähmet üstünlikleriniň mazmunyny baýlaşdyrar.

 

Şu şygar astynda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ýaş nesli watansöýüjilik ruhunda terbiýelemäge, milli gymmatlyklary gorap saklamaga, döredijilikli we zähmetsöýer jemgyýeti kemala getirmäge gönükdirilen işler has-da işjeňleşdiriler. 2026-njy ýyl Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň ösüş ýolunda täze üstünliklere beslenen, taryhy ähmiýetli ýyl hökmünde ýatda galar.

 

Nazaket HASANOWA,

Lebap welaýatynyň Farap etrabynyň
8-nji orta mekdebiniň iňlis dili
mugallymy.