Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Samarkantda medeni çäreler geçirildi ✦ ✦ Kiberhowpsuzlyk - maglumat goraglylygyň binýady ✦ ✦ II Halkara matematika olimpiadasy dowam edýär ✦ ✦ ÝHHG-niň 50 ýyllygyna hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli forum ✦ ✦ Türkmenistan Kazanda geçiriljek “KazanForum” we “Halal Expo 2025”- e gatnaşar ✦ ✦ Ýurdumyzda II Halkara matematika olimpiadasy başlandy ✦ ✦ «AtaMekan» Terjime Merkezi: Mekdep okuwçylary we talyplar üçin ýeňillikler! ✦ ✦ "Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi" bäsleşiginiň ikinji tapgyry geçirildi ✦ ✦ Katolik dünýäsiniň ruhy lideri aradan çykdy ✦ ✦ Paýtagtymyzda sportuň milli we alyş göreşi boýunça halkara ýaryş geçiriler ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /Ýurdumyzyň söwda-telekeçilik ulgamy rowaçlanýar
  12.04.2023
628
Ýurdumyzyň söwda-telekeçilik ulgamy rowaçlanýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Diýarymyzda söwda we telekeçilik ulgamynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi, hususy ulgamyň eýeleýän ornunyň pugtalandyrylmagy Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan durmuş-ykdysady syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Türkmenistan ýurdumyzyň haryt öndürijileriniň eksport mümkinçilikleriniň ýokarlandyrylmagyna hem-de daşary söwda işiniň kämilleşdirilmegine uly üns berilýär, ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky söwda öýleriniň sany hem barha artýar. Häzirki wagtda pudagyň ösüş görkezijileri bu ugurda gazanylýan üstünliklere aýdyň şaýatlyk edýär. Häzirki wagtda daşary ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegine, daşary ýurt maýa goýumlarynyň çekilmegine, işleriň bazar gatnaşyklaryna laýyklykda guralmagyna, olaryň hiliniň ýokarlandyrylmagyna, döwrebap tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna gönükdirilen özgertmeler amala aşyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, ştrih kodlamak ulgamynyň ornaşdyrylmagy aýratyn ähmiýete eýe bolýar, ýurdumyzda öndürilýän önümleriň we harytlaryň ençemesine degişli haryt nyşanlary hem berildi. Ýurdumyz «Türkmenistanda öndürilen» atly milli nyşany bilen uly mümkinçiliklere eýe bolan döwlet hökmünde halkara bileleşikde giňden tanalýar. Söwda edaralarynyň işiniň mundan beýläk-de kämilleşdirilmegi ýurdumyzda haryt bolçulygynyň giňeldilmegine, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna ýardam berýär. Milli ykdysadyýetimizi senagatlaşdyrmak, dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply önümçilikleri döretmekde hem-de ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny berkitmekde ulgamlaýyn düzümleri döredijileriň biri hökmünde türkmen telekeçiligine aýratyn orun degişlidir. Ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi sazlaşykly ösdürmek, hususy başlangyçlary goldamak üçin amatly şertleri döredildi. Şeýle-de bazar ykdysadyýeti şertlerinde hususy işewürligiň ösdürilmegine we höweslendirilmegine, degişli düzümlerde täze önümçilikleriň döredilmegine, olaryň kuwwatlyklarynyň artdyrylmagyna aýratyn üns berilýär. Mälim bolşy ýaly, soňky ýyllarda ykdysadyýetimizde döwlet kärhanalaryny hususylaşdyrmak bilen baglanyşykly işlerde telekeçilik düzümleriniň paýynyň artýandygyny görmek bolýar. Şunda ykdysadyýetimiziň döwlete degişli möçberini azaltmak boýunça wezipeler Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda netijeli ýagdaýda alnyp barylýar. Munuň özi hususy işewürligiň ornunyň berkidilmegine oňyn ýardam berýär. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary import edilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikleri giňeltmek, ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmak, elektron senagaty döretmek boýunça döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegine uly goşant goşýarlar. Şeýle il bähbitli, ýurt ähmiýetli beýik işleri bilen eziz ýurdumyzy gülledip ösdürýän Arkadagly Serdarymyza çäksiz alkyş aýdýarys! 

 

Kerim AMANOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň 
Oba hojalygynyň ykdysadyýeti 
hünäriniň 3-nji ýyl talyby.