logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /Ýurdumyzyň welaýatlarynda galla oragyna girişildi
  03.06.2022
1070
Ýurdumyzyň welaýatlarynda galla oragyna girişildi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi we ýaşulularyň «Bismillasy» bilen ýurdumyzyň Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda galla girişildi. 

Şu ýyl Ahal welaýaty boýunça 195 müň gektarda bugdaýyň bereketli hasyly ýetişdirilip, Watan harmanyna 400 müň tonna hasyl tabşyrmak göz öňünde tutulýar. Lebap welaýatynda 130 müň gektar bugdaýdan 310 müň tonna bugdaý hasylyny almak meýilleşdirilýär. Mary welaýatynda bolsa 170 müň gektarda bol hasyl ýetişdirilip, 345 müň tonna galla ýygnamak maksat edinilýär.

Belläp geçsek, ýurdumyzyň Balkan we Daşoguz welaýatlarynda howa şertleri göz öňünde tutulyp galla oragyna 10-njy iýunda başlanar.