Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy, 2025-nji ýylyň 21-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň kabul edilmegi mynasybetli, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň ýanyndaky Dilleri okatmak boýunça Utgaşdyryjy geňeşiň 2025-nji ýyl üçin meýilnamasyna laýyklykda, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda iňlis dilinde geçiriljek suhangöýlük bäsleşiginiň
DÜZGÜNNAMASY
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ylym-bilim ulgamyndaky döwlet syýasaty, ilkinji nobatda, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlaryň dünýä ülňülerine laýyklykda ýokary bilim alyp, kämil hünärmenler bolup ýetişmeklerine gönükdirilendir. Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Ýurdumyzyň ýokary we orta okuw mekdeplerinde ýaşlar her bir dili öz geljekki hünärleri bilen baglanyşykly öwrenýärler. Bu bolsa her bir daşary ýurt diliniň hünär ugry boýunça öwrenilýändigini aňladýar. Şu amatly okuw şertleri Türkmenistanyň halkara gatnaşyklarynyň, ykdysadyýetiniň, medeniýetiniň döwrebap ösmegine giň ýol açýar. Halkara derejede hünärmen okuwlary ylym-bilim pudagynyň dünýä ülňülerine ýetirilmegini üpjün edýär. Bularyň hemmesi bagtyýar ýaşlaryň ajaýyp şu gününe, röwşen geljegine gönükdirilen beýik işlerdir» diýip belleýär.
Döwlet Baştutanymyz ýaşlaryň daşary ýurt dillerini öwrenmeklerine we özleşdirmeklerine uly ähmiýet berýär. Sebäbi dil adamlaryň arasynda gatnaşyk etmegiň hem-de pikiriňi beýan etmegiň, suhangöýlügiň esasy serişdesi bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, mekdebe çenli edaralardan başlap, bilim bermegiň ähli basgançaklarynda daşary ýurt dilleriniň okadylyşyny hem-de ýaşlaryň sözleýiş medeniýetini kämilleşdirmäge, dil bilimi babatda täze usullary işläp taýýarlamaga we okuw işine ornaşdyrmaga gönükdirilen netijeli çäreler durmuşa geçirilýär.
«Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynyň» çäginde üstünlikli durmuşa geçirilen işler, «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyna» we ony durmuşa ornaşdyrmak boýunça geçirilmeli çäreleriň Meýilnamasyna laýyklykda amala aşyrylýan wezipeler dilleriň halkara parahatçylygyň we ynanyşmagyň, dost-doganlygyň köprüsidigini subut edýär.
Parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de oňyn Bitaraplykýurdumyzyň türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk MaslahatynyňBaşlygy Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatlyPrezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygyndaüstünlikli durmuşa geçirilýän daşary syýasatynyň esasyny düzýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylalaşyklylyk, hoşniýetlilik, dost-doganlyk, ynsanperwerlik ýörelgelerini ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen milli we halkara derejede alyp barýan hyzmatdaşlygy, ählumumy parahatçylyk medeniýetini ilerletmekdäki möhüm orny babatynda bilimlerini artdyrmak, hem-de iňlis diline ezber, zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy, 2025-nji ýylyň 21-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň kabul edilmegi mynasybetli, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň ýanyndaky Dilleri okatmak boýunça Utgaşdyryjy geňeşiň 2025-nji ýyl üçin meýilnamasyna laýyklykda, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda iňlis dilinde suhangöýlük bäsleşigi yglan edilýär. Bu bäsleşik döwlet Baştutanymyzyň «Ýaşlaryň dünýä dillerini düýpli öwrenmegi edebiýat we sungat bilen giňden meşgullanmagy üçin hem ähli şertleri döretmeli. Olaryň arasynda döredijilik bäsleşiklerini yzygiderli geçirip durmaly» diýen tabşyrygyndan ugur alnyp guralýar.