logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Society /ÝURDUŇ NURANA GELJEGI
  13.03.2023
1171
ÝURDUŇ NURANA GELJEGI

Eziz Diýarymyzda Arkadagly Serdarymyzyň tagallasy bilen ýaş nesillerimiz döwlet derejesinde aýratyn üns-alada bilen gurşalyp, olaryň ruhy hem beden taýdan sagdyn, kämil bilimli ynsanlar bolup ýetişmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Muňa bilim ulgamynda öňe sürülýän täzeçil özgertmeleriň, gazanylýan üstünlikleriň mysalynda hem aýdyň göz ýetirmek bolýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Ýüregi «Mähriban halkym, eziz Watanym, jan Türkmenistanym!» diýip urýan, ilimiziň baky bagtyýarlygy, ýurdumyzyň beýik geljegi üçin okaýan, zähmet çekýän ýaşlar biziň buýsanjymyzdyr. Halk hem Watan baradaky mukaddes düşünjeler ýigitlerimiziň we gyzlarymyzyň köňülleriniň owazy, dilleriniň senasy bolmalydyr. Ýaşlarymyz ähli güýçlerini, bilimlerini hem-de başarnyklaryny Watanymyzyň ösüşlerine, dünýädäki abraý-mertebesiniň mundan-da belende galmagyna bagyş etmelidir» diýen parasatly jümleleri biz ýaşlara ruhy goldaw, ruhy güýç berýär. Ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmekde ýaşlar syýasaty döwlet bähbitleriniň ileri tutulýan ugry bolup çykyş edýär. Bu ugurda alnyp barylýan ýaşlar syýasaty hem ýaşlaryň kämil şahsyýet hökmünde kemala gelmegine, zehinleriniň ýokarlanmagyna, ýaşlaryň döredijilik mümkinçiliklerini doly amala aşyryp bilmekleri üçin zerur bolan mümkinçilikleri giňeltmäge oňaýly şertleri döretmäge gönükdirilendir. Ýaşlaryň durmuş goraglylygyny üpjün etmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, raýat jogapkärçiligini terbiýelemek, ýaşlaryň täzeçil pikirlerini goldamak we höweslendirmek esasy üns merkezinde saklanylýar. Häzirki wagtda ýokary tehnologiýalardan kämil baş çykarýan, giň dünýägaraýyşly nesilleri kemala getirmek, ýaşlaryň daşary ýurt dillerini çuňňur öwrenmeklerini, döredijilik bilen meşgullanmaklaryny gazanmak üçin ähli şertler döredilýär. Pähim-paýhasly sözleri ýörelge, alyp barýan asylly işleri biz ýaşlara görelde bolýan Mähriban Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, tutýan tutumly işleri mundan beýläk hem rowaçlyklara beslensin!

 

Mähriban HOŞGELDIÝEWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.