logo

Soňky täzelikler:
✦ Bitaraplyk — türkmen halkynyň synmaz ýoly ✦ ✦ Dil bilen dünýäni gezer ✦ ✦ Ýaşlar — Watanymyzyň geljegi ✦ ✦ Bilim bermekde okuwçynyň pikirleniş ukybyny ösdürmek möhümdir ✦ ✦ Garabogaz - Gazagystan serhetýaka awtomobil ýolunyň 44 kilometrlik bölegi açyldy ✦ ✦ Daşoguzda ýylda 700 müň tonna azotly dökün öndürjek toplum gurlar ✦ ✦ Daşoguzda pagta çigidini gaýtadan işleýän täze kärhana gurlar ✦ ✦ Aşgabat - Daşoguz awtomobil ýoly täze tapgyrda ulanylmaga beriler ✦ ✦ Daşoguz welaýatynda ulag we senagat ösüşiniň täze taslamalaryna badalga berildi ✦ ✦ Ykdysadyýetiň görnüşleriniň ösüşi ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /«Ýürege tarap ýol» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi
  13.04.2022
887
«Ýürege tarap ýol» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi

«Ýürege tarap ýol» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi

Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasynyň ýardam bermeginde onlaýn görnüşinde «Ýürege tarap ýol» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Ylmy-amaly maslahat Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we Derman senagaty ministrligi, Ýüpek ýolynyň ýürek sazlaşygynyň Jemgyýeti, şeýle hem Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasy tarapyndan gurnaldy.

Onlaýn görnüşde geçirilen maslahata saglygy goraýyş ugry boýunça Türkmenistanyň, Gruziýanyň, ABŞ-nyň öňdebaryjy hünärmenleri gatnaşdylar. Maslahata gatnaşyjylar interwasion kordiologiýa we aritmologiýa bejerişiň innowasion usulyny şeýle-de häzirki zaman tehnologiýalary, aritmiýany, ýürek ýetmezçiligi, şeýle hem beýleki ýürek-damar keselini anyklaýyş we bejeriş usulyny ara alyp maslahatlaşdylar.