logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Health /Ýürek agyrynyň we insultyň öňüni alýar, immuniteti güýçlendirýär!
  15.10.2022
1051
Ýürek agyrynyň we insultyň öňüni alýar, immuniteti güýçlendirýär!

Sagdyn we dogry iýmitlenmek diňe bir durmuşyň hilini ýokarlandyrman, eýsem uzak ömür sürmekde möhüm rol oýnaýar. Hünärmenler tarapyndan «super miwe» diýlip yglan edilen üzümiň peýdalary sanamak bilen gutarmaýar. Kaliforniýaly gözlegçiler tarapyndan geçirilen täze gözlegde üzümiň gandaky şekeri, holesterini peseldip, insult we ýürek keselleriniň öňüni alýandygy anyklandy.

Kaliforniýada geçirilen gözlegde, gatnaşyjylara her gün nahardan soň 46 gram üzüm berdiler. Gözlegleriň netijesinde üzümiň sarp edilmegi, güýçli immun ulgamy üçin zerur hasaplanýan içegede bakteriýalaryň dürlüligini ep-esli ýokarlandyrandygy anyklandy. «Super miwe» diýlip yglan edilen üzüm, gandaky şekeri, holesterini peseldýär we insultdan we ýürek kesellerinden goraýar. Üzümiň sarp edilmegi immunitetiň dikeldilmeginde hem peýdasy uludyr.

Üzüm we alma ýaly miweler gan damarlaryny sagdyn we ganyň gowy aýlanmagy üçin damarlary çeýe saklaýar. Sebäbi olaryň düzüminde organiki birleşmeler bolan polifenollar diýlip atlandyrylýan antioksidantlar bar.

Polifenollar we beýleki maddalar gandaky şekeriň derejesini we gan basyşynyň derejesini peseldip we gözegçilikde saklaýar. Geçirilen gözlegler, «Nutrients» žurnalynda dolulygyna çap edildi.

 

Gölbaý GYLYŽOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.