logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Health /Ýürek ritminiň bozulmalary
  02.04.2025
1565
Ýürek ritminiň bozulmalary

Ýürek adam bedeniniň iň möhüm agzalarynyň biridir. Ol bedeniň ähli öýjüklerine gan arkaly kislorod we zerur maddalary ýetirýär. Sagdyn ýürek kadaly we yzygiderli urýar. Emma käte ýüregiň uruş tizligi haýallaýar, çaltlanýar ýa-da tertipsiz urýar. Bu ýagdaý ýürek ritminiň bozulmalary ýa-da aritimia​ diýip atlandyrylýar.

 

Ýürek ritminiň bozulmalary ýürek urşuny dolandyrýan elektrik impulslarynyň​ kadaly işlemeýän ýagdaýynda ýüze çykýar. Bu ýagdaý ýüregiň tizligine we gan aýlanyşyna​ täsir edip biler. Käbir aritimiýalar​ zyýansyz bolsa, beýlekileri howply bolup, tiz lukmançylyk kömegini talap edýär.

 

Ýürek ritminiň bozulmalarynyň görnüşleri:

Bradikardiýa​: Ýürek urşunyň haýal urmagy (60 urgy/minutdan pes). Ýadawlyga, baş aýlanmasyna we huşuňy ýitirmäge getirip biler.
Tahidardiýa​: Ýürek urşunyň aşa çalt urmagy (100 urgy/minutdan ýokary). Döş agyrysyna, demgysmalyga we huşsuzlyga sebäp bolup biler.
Atrial​ fibrilýasiýa​: Ýüregiň ýokarky bölümleriniň (atriýalaryň​) kadaly däl we çalt urmagy. Bu ýagdaý gan doňup, insulta​ getirip biler.

 

Ýürek ritminiň bozulmalarynyň öňüni alyş usullary:

Miwe we gök önümleri köp iýmek.
Sport bilen meşgullanmak, ýöne aşa ýadawlykdan gaça durmak.
Stressden​ we dartgynlykdan gaça durmak.
Kadaly medisina barlaglaryny geçirmek.

 

Ýürek ritminiň bozulmalary ünsden düşürilmeli däl saglyk meselesidir. Bu ýagdaýy irki döwürde anyklamak we sagdyn durmuş ýörelgesini kabul etmek bilen howply ýagdaýlaryň öňüni alyp bolýar. Saglyk ýagdaýyňyzy hemişe gözegçilikde saklaň!

 

Humaý Amangeldiýewa​,

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň
Döwlet Lukmançlyk uniwersitetiniň Patologik 
fiziologiya​ kafedrasynyň mugallymy.