Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ II Halkara matematika olimpiadasy dowam edýär ✦ ✦ ÝHHG-niň 50 ýyllygyna hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli forum ✦ ✦ Türkmenistan Kazanda geçiriljek “KazanForum” we “Halal Expo 2025”- e gatnaşar ✦ ✦ Ýurdumyzda II Halkara matematika olimpiadasy başlandy ✦ ✦ «AtaMekan» Terjime Merkezi: Mekdep okuwçylary we talyplar üçin ýeňillikler! ✦ ✦ "Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi" bäsleşiginiň ikinji tapgyry geçirildi ✦ ✦ Katolik dünýäsiniň ruhy lideri aradan çykdy ✦ ✦ Paýtagtymyzda sportuň milli we alyş göreşi boýunça halkara ýaryş geçiriler ✦ ✦ Türkmenistan “TEIF 2025” forumynda maýa goýum mümkinçiliklerini tanyşdyrar ✦ ✦ Kiýewde Magtymguly muzeýiniň 50 ýyllygy dabaraly ýagdaýda bellenildi ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /ÝURT GARŞY ALSYN!
  12.03.2020
1050
ÝURT GARŞY ALSYN!

       Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adyna mynasyp bolan eneleriň birnäçesine täze, döwrebap ýaşaýyş jaýlaryň açarlary gowşuryldy. Bu ajaýyp wakalar ruhubelentlige beslenen dabaralara utgaşdy.

Gökdepe etrabynyň ýaşaýjysy Žuleta Sähedowa Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň “Ene mähri” diýen hormatly adyna mynasyp bolan hem-de täze ýaşaýyş jaýyny sowgat alan bagtyýar eneleriň biridir. Düýn bu mährem enä, onuň maşgala agzalaryna etrabyň Täze eýýam geňeşliginiň çäginde bina edilen täze ýaşaýyş jaýynyň açary gowşuryldy. Şu waka egsilmez joşguna beslenen dabara utgaşdy.

Bagtyýar maşgala täze jaýyň açaryny gowşurmak we  gutlamak üçin welaýat, etrap häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, ýaşuly nesliň wekilleri hem-de beýleki myhmanlar ol ýere ýygnandylar. Gutlag sözleri aýdyldy, aýdym-sazlar ýaňlandy. Çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak ugrunda alyp barýan beýik işleri barada aýdyp, köp çagaly eneler barada edýän aladalary bilen baglanyşykly gürrüňe aýratyn ünsi çekdiler hem-de munuň üçin döwlet Baştutanymyzyň adyna alkyşly sözlerini beýan etdiler.

Bagtyýar maşgala ýokary amatlykly jaýyň açarynyň gowşurylmagy dabaranyň iň ýatda galyjy pursatyna öwrüldi. Geňeşligiň çäginde ýerli gurluşyk kärhanalary tarapyndan gurlan täze jaýlar bilen özboluşly sazlaşygy emele getirýän bu bir gatly ýaşaýyş jaýy  dört otagdan ybaratdyr. Onda döwrebap şertlerde ýaşamak üçin ähli amatlyklar göz öňüne tutulypdyr. Howlynyň içinde hojalyk işini alyp barmak üçin kömekçi desgalar hem bina edilipdir.Şatlykly günde bagtyýar maşgalada jaý toýy uludan tutuldy. Myhmanlara duz-çörek hödür-kerem edildi.

Sarahs etrabynyň Aşgabat obasynyň ýaşaýjysy, Türkmenistanyň “Ene mähri” diýen hormatly adynyň eýesi Mährijemal Mürzäýewanyň maşgalasyna täze jaýyň açarynyň gowşurylmagy toý-dabarasyna utgaşdy. Täze jaýyň daş-töweregine bagtyýar maşgalanyň agzalaryndan, dogan-garyndaşlaryndan, dost-ýarlaryndan, obadaşlaryndan başga-da, köp sanly hormatly myhmanlar ýygnandy.

 Ahal welaýat häkimi bagtyýar maşgala täze jaýyň açaryny gowşurmagy dabaranyň ýatdan çykmajak pursaty boldy. Üç ogly, bäş gyzy terbiýeleýän Gadam we Mährijemal Mürzäýewler öz gezeginde ýürek buýsanjyny beýan etdiler.

         Döwletli maşgala sowgat edilen täze ýaşaýyş jaýynyň gurluşygy etrap häkimliginiň buýurmasy esasynda, “Ýeke hoz” hususy kärhanasy tarapyndan alnyp baryldy. Bir gatly, dört otagly ýaşaýyş jaýynda ýokary amatlyklar göz öňüne tutulypdyr.  Şeýle bolansoň, bagtyýar maşgalada şol gün milli toý däplerine eýerip, agzybirlikde jaý toýy toýlandy, milli tagamlar taýýarlandy, toý suprasynyň başynda ýagşy arzuwlar aýdyldy.