logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Nature /Ýylanyň jynsynyň anyklanylyşy
  01.03.2023
1951
Ýylanyň jynsynyň anyklanylyşy

Haýwanat dünýäsi bilen gyzyklanýan her bir bilermeni ýylanyň haýsy jynsa degişlidigi gyzyklandyrýan bolsa gerek. Ylymda şunuň ýaly gyzykly ýagdaýlary käbir ökde tejribeli alymlar kesgitlemegi başarýarlar. Ýylanlarda beýleki käbir haýwanlarda bolşy ýaly jyns organlary mese-mälim görnüp durmaýar. Bularyň jynsy ulgamy beden boşlugynyň içinde ýerleşendir. Ýylanlaryň jynsy anyklananda şu aşakdaky usullardan peýdalanylýar: 

- Wizual ýa-da gözçaky usuly. Bu usulda ýylanyň daşky keşbi siňe synlanýar. Erkek osobyň guýrugy ýogyn, uzyn we inedördül şekilinde bolýar. Gömülgenlerde erkek osoblaryň bedeni urkaçy osoblaryň bedeninden kiçi bolýar. Suw ýylanlarda hem urkaçy osoblaryň bedeni mese-mälim ulurakdyr. Erkek osoblaryň derisiniň reňki we olardaky şekiller urkaçy osoblaryňka seredende aýdyň bolýar. 

- Etologiki usul.  Etologiki usulda ýylanyň jynsy kesgitlenende jübütleşme döwründe onuň özüni alyp barşyny synlamak arkaly amala aşyrylýar. Erkek osoblar urkaçy osoblardan tapawutlykda jübütleşme döwründe dürli hili oýunlar oýnaýarlar, öz aralarynda göreşýärler. 

- Ganyň biohimiki seljermesiniň esasynda jyns gormonlarynyň derejesini kesgitlemek. Ýylanlarda erkek we urkaçy osoblaryň ganynda jyns gormonlarynyň mukdary dürlüçe bolýar. Şonuň esasynda hem olaryň ganyny seljermek arkaly jynsyny anyklap bolýar. Ýöne bu usul kyn amala aşyrylýar. Sebäbi ýylanyň bedeninden gan almaklyk birneme kynçylyk döredýär. Ýöne dünýäniň köp döwletlerinde haýwanat baglarynda we goraghanalarda bu usul giňden peýdalanylýar.

 

Mukam JUMAÝEW,

Türkmenistanyň Oba hojalyk we 
daşky gurşawy goramak ministrliginiň 
Repetek döwlet biosfera goraghanasynyň 
ylym bölüminiň başlygy.