logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /«Ýyldyz» myhmanhanasynda duşuşyk geçirildi
  27.08.2022
798
«Ýyldyz» myhmanhanasynda duşuşyk geçirildi

26-njy awgustda Aşgabat şäherindäki «Ýyldyz» myhmanhanasynda «Türkmenistanda aýallaryň saglygy we maşgaladaky ýagdaýy baradaky synyň» netijeleri bilen tanyşdyrmak boýunça duşuşyk geçirildi. Oňa halkara guramalaryň, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň palatalarynyň, ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de ylmy institutlaryň wekilleri gatnaşdylar.

 

 

«Türkmenistanda aýallaryň saglygy we maşgaladaky ýagdaýy baradaky syn» Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasy (ÝUNFPA) bilen bilelikde halkara ülňülere, şol sanda BSGG-niň usulyýetine görä, ýurt boýunça 3500 hojalygyň maglumatlary esasynda taýýarlandy. Bu syn «Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň» wezipeleriniň çäginde 2020-nji ýylda geçirildi.