logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Economics /Ýyllyk 20 müň tonna kaolin öndürýän önümhana işläp başlady
  02.03.2023
1189
Ýyllyk 20 müň tonna kaolin öndürýän önümhana işläp başlady

Golaýda, Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen döredilen «Türkmen kaolin» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň welaýat merkezi Balkanabat şäheriniň golaýynda täze önümhanasy işläp başlady.

Kaolin önümhanasynda düýpli abatlaýyş-bejeriş işleri geçirilip, onuň durky doly täzelendi. Ýyllyk taslama kuwwatlylygy ýokary hilli, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän önümleriň 20 müň tonnasyny öndürmäge barabar bolan kaolin önümhanasy döwrebap enjamlar hem-de tehnologiýalar bilen üpjün edildi.   

Mälim bolşy ýaly, kaolin magdany dag jynslarynyň dargamagy netijesinde emele gelýär. Onuň düzüminde kwarsyň, demriň we titanyň oksidleriniň dänejikleri saklanýar. Täze kaolin önümhanasy üçin çig mal serişdesi Türkmenbaşy etrabynyň Gyzylgaýa şäherçesiniň golaýyndan gazylyp alynýar. Önümhanada öndürilýän önüm eýýäm içerki bazaryň sarp edijilerine ugradylyp başlandy we ony geljekde daşary ýurtlara ibermek hem göz öňünde tutulýar.

Ýeri gelende belläp geçsek, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Derýaplastik» hojalyk jemgyýetiniň «Derýakeramika» haryt nyşanly santehniki önümleri öndürýän iri kärhanasy öz önümçiliginde kaolini örän köp mukdarda, giňden ulanýar. Sanfaýans we keramika önümlerine häzirki wagtda ýurdumyzda we dünýä bazarynda uly isleg bildirilýär. Kaolin ak sementi, elektrotehniki izolýatorlary, kosmetika we parfýumeriýa önümlerini öndürmekde, farfor gap-gaçlaryň, kagyz, karton, rezin, boýag, şeýle hem arassaçylyk serişdeleriniň (sabynyň, diş pastasynyň, şampunlaryň) önümçiliginde, plastmassadan ýasalýan önümlere dolduryjy maddalar hökmünde giňden peýdalanylýar. 

 

Yslam TYLLANUROW,

Türkmen döwlet binagärlik we
gurluşyk institutynyň Inžener-mehanika
fakultetiniň dekany.