logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Culture /Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis
  06.07.2026
388
Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda Diýarymyzda geçiriljek baýramçylyk çärelerine bagyşlanan dabaraly mejlis guralyp, onda ýurdumyzyň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazylýan şanly wakalar, aýratyn-da, şu ýylyň dowamynda geçiriljek baýramçylyk çäreleri dogrusynda gürrüň edildi. Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygy türkmen halkynyň şöhratly taryhynyň nurana sahypalarynyň birine öwrüljekdigi ikuçsyzdyr. Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Watanymyz ähli ugurlar boýunça ösüşiň täze derejesine çykýar. Muny ýurdumyzda amal edilýän dürli göwrümli çäreler bilen-de delillendirmek mümkin.

 

 Bu ýerde guralan iri çärä gatnaşyjylar ilki Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň eýwanynda guralan sergi bilen tanyşdylar. Onda amaly-haşam sungatynyň eserleri, muzeý gymmatlyklary, suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň ahalteke bedewlerine bagyşlanan eserleri ýaýbaňlandyryldy. Aýratyn bellemeli zatlaryň biri hem hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň zehininden dörän ajaýyp kitaplara bu ýerde giň orun berilmegidir.

 

Türkmen halkynda atlar bilen bagly nakyllaryň bolmagy, edebiýatymyzda, sungatymyzda, aýdym-saz eserlerimizde bedewleriň mynasyp ornuny tapmagy biziň topragymyzda bedewlere nä derejede gadyr goýulýandygyny alamatlandyrýar.

 

Geçirilen dabaranyň özi hem atlaryň türkmen halkynyň buýsanjydygyny ýene bir gezek alamatlandyryp, bu ugurda alnyp barylýan işleri has-da giň gerimde dowam etdirmäge itergi berýär. Şeýle dabaraly çäreleri geçirmäge döredip berýän mümkinçilikleri üçin Milli Liderimize, hormatly Prezidentimize çäksiz hoşallyklarymyzy bildirýäris.

 

Aýlar ANNAREJEPOWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara

žurnalistikasy fakultetiniň  talyby.