logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Culture /"Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi" bäsleşiginiň ikinji tapgyry geçirildi
  22.04.2025
1991
"Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi" bäsleşiginiň ikinji tapgyry geçirildi

Paýtagtymyzda ýerleşýän Halkara ahalteke atçylyk toplumynyň açyk manežinde «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» atly halkara gözellik bäsleşiginiň ikinji tapgyry geçirildi. Bu bäsleşik Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanan dabaralaryň başlangyjy hökmünde ýokary derejede geçirildi. Oňa ýurdumyzyň welaýatlaryndan we paýtagtyndaky atçylyk merkezlerinden, şeýle-de hususy atşynaslardan​ saýlanyp alnan 20 sany iň owadan bedew gatnaşdy.

 

Her ýyl geçirilýän bu halkara gözellik bäsleşigi türkmen atşynaslygynyň ösdürilmegine we milli medeni mirasymyz bolan ahalteke bedewleriniň dünýä ýüzündäki abraýynyň artdyrylmagyna gönükdirilendir.

 

Bäsleşikde bedewler ilkinji nobatda tebigy görnüşde, hiç hili bezegsiz sahna çykarylyp, olaryň reňki, bedew gurluşy, gylyklary we ýöreýşi boýunça eminler tarapyndan bahalandyryldy. Soňra bolsa, milli däplere laýyklykda bezelen görnüşde meýdança çykyp, täsirli çykyş etdiler. Şeýle hem atlaryň nesil ugurlary we gelip çykyşlary barada giňişleýin maglumat berildi.

 

Bäsleşigiň bu tapgyrynda bedewleriň owadanlygy aýratyn tapawutlandy. Dabara atşynaslar, eminler, myhmanlar we hormatly ýaşulular gatnaşyp, bedewleriň gözelligine şaýat boldular.

 

Netijede, eminleriň çözgüdi boýunça, bäsleşigiň döwlet derejesindäki jemleýji tapgyryna gatnaşmak üçin 10 bedew saýlanyp alyndy.