logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /«Ýylyň mugallymy — 2023» atly bäsleşigiň Ak bugdaý etrap tapgyry geçirildi
  23.02.2023
1415
«Ýylyň mugallymy — 2023» atly bäsleşigiň Ak bugdaý etrap tapgyry geçirildi

Ýurdumyzyň bilim işgärleriniň arasynda yglan edilen «Ýylyň mugallymy — 2023» atly bäsleşigiň Ak bugdaý etrap tapgyry 15-nji orta mekdepde geçirildi. Oňa etrapdaky mekdeplerden mugallymlar gatnaşdy.

Etrap bilim bölümi tarapyndan guralan bäsleşigiň nobatdaky tapgyry örän gyzykly geçdi. Mugallymlar degişli şertlere görä, ösüp gelýän ýaş nesle döwrebap bilim-terbiýe bermekde, okatmagyň öňdebaryjy iş usullaryndan peýdalanmakda, sapaga döredijilikli çemeleşmekde hem-de onuň netijeliligini gazanmakda ukyp-başarnygyny görkezdiler.

Bäsleşigiň netijesinde etrapdaky 2-nji orta mekdebiň mugallymy Näzik Täçmyradowa birinji orna mynasyp boldy hem-de welaýat bäsleşigine gatnaşmaga hukuk gazandy. Ýeňijilere etrap bilim bölüminiň hormat hatlary hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň sowgatlary gowşuryldy.