logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Society /«Ýylyň mugallymy 2023» atly bäsleşigiň Tejen etrap tapgyry geçirildi
  25.02.2023
1294
«Ýylyň mugallymy 2023» atly bäsleşigiň Tejen etrap tapgyry geçirildi

Golaýda, Tejen etrap bilim bölümi hem-de Ylym we bilim işgärleriniň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Tejen etrap Geňeşiniň bilelikde gurnamagynda etrabyň 35-nji orta mekdebiniň mejlisler zalynda «Ýylyň mugallymy 2023» atly bäsleşigiň etrap tapgyry geçirildi.

Garaşsyz, baky bitarap Türkmenistanyň Prezidentiniň milli bilim ulgamyny ösdürmek barada alyp barýan syýasatynyň talaplaryna laýyklykda, ýaş nesle bilim we terbiýe bermekde döredijilikli işleýän, iş başarjaň, çagalaryň tebigy zehinlerini, ukyplaryny ýüze çykarmakda hem-de ösdürmekde baý iş tejribeleri toplan, okatmagyň häzirki zaman tehnologiýasyndan oňat baş çykarýan bilim terbiýeçilik işgärlerini ýüze çykarmak, öwrenmek we iş tejribelerini ýaýratmak maksady bilen geçirilen bäsleşige mekdep içinde geçirilen bäsleşikde tapawutlanan mugallymlar gatnaşdylar. Özboluşly hünär synagyna öwrülen bäsleşikde mugallymlar bäsleşigiň şertlerinden ugur alyp, özleriniň çykyşlarynyň üsti bilen Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda mekdepde ýaş nesillere bilim we terbiýe berlişiniň derejesini has-da ýokarlandyrmakda, täzeçe iş usullaryny ulanmakda döredijilikli zähmet çekmegiň aýdyň nusgasyny görkezip işleýändiklerini görkezmegi başardylar.

Bäsleşikde üstünlikli çykyş eden mugallymlara eminler tarapyndan mynasyp baha berlip, ýeňijiler yglan edildi. Netijede «Ýylyň mugallymy 2023» atly bäsleşigiň etrap tapgyrynda 7-nji orta mekdebiň türkmen dili we edebiýaty mugallymy Guşbegiýewa Mähri ýeňiji bolup, welaýat tapgyrda çykyş etmäge hukuk gazandy. Bäsleşikde ýeňiji bolan mugallymlara Ylym we bilim işgärleriniň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Tejen etrap Geňeşi tarapyndan höweslendiriji sowgatlar gowşuryldy. 

 

Myrat ÇARYÝEW,

Ylym we bilim işgärleriniň Kärdeşler
arkalaşykarynyň Tejen etrap
Geňeşiniň başlygy.