logo

Soňky täzelikler:
✦ Bitaraplyk — türkmen halkynyň synmaz ýoly ✦ ✦ Dil bilen dünýäni gezer ✦ ✦ Ýaşlar — Watanymyzyň geljegi ✦ ✦ Bilim bermekde okuwçynyň pikirleniş ukybyny ösdürmek möhümdir ✦ ✦ Garabogaz - Gazagystan serhetýaka awtomobil ýolunyň 44 kilometrlik bölegi açyldy ✦ ✦ Daşoguzda ýylda 700 müň tonna azotly dökün öndürjek toplum gurlar ✦ ✦ Daşoguzda pagta çigidini gaýtadan işleýän täze kärhana gurlar ✦ ✦ Aşgabat - Daşoguz awtomobil ýoly täze tapgyrda ulanylmaga beriler ✦ ✦ Daşoguz welaýatynda ulag we senagat ösüşiniň täze taslamalaryna badalga berildi ✦ ✦ Ykdysadyýetiň görnüşleriniň ösüşi ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /«Ýylyň mugallymy — 2023» atly bäsleşigiň welaýat tapgyry geçirildi
  29.03.2023
1167
«Ýylyň mugallymy — 2023» atly bäsleşigiň welaýat tapgyry geçirildi

Ak bugdaý etrabyndaky ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdepde Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan yglan edilen «Ýylyň mugallymy — 2023» atly bäsleşigiň welaýat tapgyry geçirildi. Bäsleşige etrap tapgyrlarynda ýeňiji bolan mugallymlar gatnaşdy.

Bäsleşigiň çäginde bilim işgärleri tarapyndan taýýarlanan okuw-görkezme esbaplarynyň sergisi guraldy.

Täsirli geçen bäsleşigiň netijesinde Ak bugdaý etrabyndaky 2-nji orta mekdebiň mugallymy Näzik Täçmyradowa ýeňiji bolup, döwlet derejesindäki jemleýji tapgyra gatnaşmaga hukuk gazandy.