logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Culture /Ýylyň şygary – ýaşlaryň köňül çyragy!
  13.01.2023
1342
Ýylyň şygary – ýaşlaryň köňül çyragy!

Bagtyýar hem agzybir türkmen hal­ky­myz uly ruhubelentlik bilen Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rü­niň ýe­ne bir üstünlikli ýy­ly­na ga­dam bas­dy. «Arkadag Serdarly bag­ty­ýar ýaş­lar ýy­ly» diý­lip yg­lan edi­len bu ýyl hem eziz Wa­ta­ny­my­zyň ta­ry­hy­na al­tyn harp­lar bi­len ýazylar. Ýurdumyzda her ýy­ly döw­re­bap at­lan­dyr­mak indi asyl­ly dä­be öwrülip, 2023-nji ýy­la «Ar­ka­dag Ser­dar­ly bag­ty­ýar ýaş­lar ýy­ly» di­ýip at­ berilmegi äh­li halk ta­ra­pyn­dan giň­den gol­da­nyl­dy. Çünki ýaş­lar bi­ziň şu gü­nü­miz, gel­je­gi­miz­ bolmak bilen, eziz Wa­ta­ny­my­zyň mundan beýläk hem gül­läp ös­me­gin­de ýaş­lara uly ynam bildirilýär. Mäh­ri­ban Wa­ta­ny­my­zyň äh­li ugur­lar­da ga­zan­ýan üs­tün­lik­le­ri­ni art­dyr­mak­da, şol sanda bilim ul­ga­my­ny kä­mil­leş­dir­mek bilen ýaş nes­li my­na­syp derejede ter­bi­ýe­läp ýe­tiş­dir­mek bilen bagly möhüm we­zi­pe­ler öň­de go­ýul­ýar. Gel­jek­ki ne­sil ha­kyn­da ala­da bolsa er­tir­ki gü­ne iň bir yg­ty­bar­ly çözgütdir. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, ýur­du­my­zyň röw­şen gel­je­gi bo­lan ýaş­la­ra uly ynam bil­di­ril­ip, ýaş­la­ryň dün­ýä­niň ab­raý­ly ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­rin­de bi­lim al­mak­la­ry üçin ze­rur müm­kin­çi­lik­le­riň dö­re­dil­ýär. Hä­zir­ki wagtda ýaş­la­ry ha­ky­ky wa­tan­çy­lyk, yn­san­per­wer­lik, arassa ah­lak­ly­lyk, şöh­rat­ly ta­ry­hy­my­za, hal­ky­my­zyň me­de­ni­ýe­ti­ne, däp-des­sur­la­ry­myza, milliligimize hormat goý­mak ru­hun­da ter­bi­ýe­le­mek, ylym-bi­li­me bolan hyjuwyny hem hö­we­si­ni art­dyr­mak Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan ýaş­lar ba­ra­da­ky döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň esa­sy ug­ry bo­lup çykyş edýär. Bu bolsa ýaş­la­ryň döw­re­bap bi­lim al­ma­gy, ze­hi­ni­ni ös­dür­me­gi, hü­när taý­dan kä­mil­leş­me­gi, eziz Wa­ta­ny­my­za we­pa­ly şah­sy­ýet­ler bo­lup ýe­tiş­me­ginde möhüm görkeziji bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň baş­lan­gy­jy esasynda ka­bul edi­len «Türk­me­nis­tan­da ýaş­lar ba­ra­da­ky döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň 2021–2025-nji ýyl­lar üçin Döw­let mak­sat­na­ma­sy» bu ugurda möhüm gollanma bo­lup hyz­mat ed­ýär. ýurdumyz­da ýaş­lar ba­ra­da­ky döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň esa­sy ýö­rel­ge­le­ri­ni, mak­sat­la­ry­ny, we­zi­pe­le­ri­ni, esa­sy ugur­la­ry­ny özün­de jem­le­ýän bu Mak­sat­na­ma­da ýaş ne­sil­le­r üçin döw­let gol­da­wy­nyň mö­hüm ugur­la­ry be­ýan edil­ip, ýaşlaryň jemgyýetdäki eýeleýän ornuny has-da pugtalandyrmak, ýokary bilimli we hünär taýýarlykly nesli kemala getirmek wezipelerine uly üns berilýär. Ýaşlaryň şeýle bagtyýarlygy, olaryň ýagty ertiri üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman, asylly işleri üstünliklere beslensin! 

 

Aýna ATAJUMAÝEWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.