logo

Latest news:
✦ Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi ✦ ✦ Çyzuwly Geometriýa Boýunça IV Halkara Olimpiada ✦ ✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦
Home / Society /Ýylyň şygaryna bagyşlanan dabaraly maslahat geçirildi
  04.01.2023
1027
Ýylyň şygaryna bagyşlanan dabaraly maslahat geçirildi

Her ýyla mynasyp at berilmegi ýurdumyzda indi asylly däbe öwrüldi. Bu ýagdaý döwletimizi ösdürmegiň möhüm ugurlaryna ünsi çekmäge, il-ýurt bähbitli beýik işlere, özgertmelere giň ýol açýar. Ýagşy niýetler, uly arzuw-umytlar bilen garşylan täze, 2023-nji ýylymyzyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylmagy bolsa biz — ýaş nesilleriň ata Watanymyza bolan söýgimizi we döredijilikli zähmet çekmäge yhlas-höwesimizi has-da artdyrdy.

«Ýaşlar biziň geljegimizdir» diýen aýtgy ýaş nesiller babatdaky gürrüňlerde gaýta-gaýta nygtalýar. Aňymyza ornan bu jümle gönüden-göni döwlet syýasatynda ýurduň geljegi baradaky aladanyň beýanydyr. Diýmek, ýaşlarda ýurduň geljegi görülýär. Diýmek, 2023-nji ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylmagynyň düýp özeninde ertirki günümiz hakyndaky, geljek babatdaky alada ýatandyr.

Golaýda, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde 2023-nji ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylmagy mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi. Oňa ýurdumyzyň medeniýet ulgamynyň ýolbaşçy düzümi we köp sanly işgärleri, sungat ussatlary, şeýle-de ugurdaş bilim ojaklarynyň mugallymlarydyr talyplary gatnaşdylar.

Çykyşlara giň orun berlen, aýdym-sazlara beslenen maslahat Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň dabaraly medeni çärelerine özboluşly badalga boldy. Onuň ahyrynda hormatly Prezidentimiziň adyna Ýüzlenme kabul edildi. 

 

Täzegül SAPAROWA, 

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk 
institutynyň uly mugallymy.