logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /«Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşigiň ikinji tapgyry geçirildi
  27.10.2022
935
«Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşigiň ikinji tapgyry geçirildi

26-njy oktýabrda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky «Türkmen alabaý itleri» hojalyk jemgyýetinde «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşigiň ikinji tapgyry geçirildi. Oňa bäsleşigiň birinji tapgyryna gatnaşan 70-e golaý alabaýdan duýgurlygy, düşbüligi, daşky görnüşi, hüşgärligi bilen tapawutlananlaryň 20-si gatnaşdy.

Bäsleşige badalga berilmezden ozal, oňa gatnaşýan alabaýlar gözden geçirilip, weterinarlar tarapyndan saglyk ýagdaýy barlanyp, olara ýörite san belgileri berildi. Şol belgiler bilen hem itler bäsleşik meýdançasyna çykdylar. Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, alabaýlar tomaşaçylaryň öňünden geçip, öňde duran päsgelçiliklerden — köprüden we haýatdan bökmek, merduwandan ýöräp ýokary münüp, aşak düşmek boýunça öz başarnyklaryny görkezdiler.

«Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşigiň ikinji tapgyry üstünlikli geçdi. Oňa gatnaşan alabaýlaryň päsgelçiliklerden has çalt geçenleri eminleriň ýokary bahasyna mynasyp boldular. Halkara bäsleşigiň üçünji tapgyry 30-njy oktýabrda geçiriler. Oňa ikinji tapgyrda tapawutlanmagy başaran alabaýlaryň 10-sy gatnaşdyrylar.