logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Culture /Ýylyň zenany
  22.01.2020
1242
Ýylyň zenany

   Kaka etrabynyň Medeniýet öýünde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi tarapyndan ýurdumyzyň zenanlarynyň arasynda yglan edilen “Ýylyň zenany” atly bäsleşigiň etrap tapgyry geçirildi.  Oňa halk hojalygynyň dürli pudaklarynda zähmet çekýän öňdebaryjy zenanlar gatnaşyp,  jemgyýetçilik durmuşynyň dürli ugurlarynda alyp barýan işleri boýunça ukyp-başarnygyny görkezdiler.

    Bäsleşigiň etrap tapgyryna gatnaşyjy bagtyýar zenanlar, ilki bilen, medeni ogajyň giň eýwanynda guralan milli öwüşginli sergi bilen tanyşdylar. Sünnälenilip ýerine ýetirilen el işleriniň sergi köp öwüşginligi we baý many-mazmunlygy bilen gyzyklanma eýe boldy. Sergiden göwünleri göterilen zenanlar gezekli-gezegine bäsleşigiň degişli şertleri boýunça çykyş etdiler.

     Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe zenanlaryň önümçilige, ýurduň syýasy-jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmagyna ýardam etmek, olaryň ähli ugurlardaky ornuny we işjeňligini ýokarlandyrmak, tekliplerini öwrenmek we goldamak, şeýle-de Hormatly Prezidentimiziň zenanlara goýýan sarpasyna jogap etmek we zenanlaryň başarnygyny hem-de ukybyny açyp görkezmek maksady bilen geçirilen bäsleşik uly gyzyklanma döretdi. Ol ýere ýygnananlar zenanlaryň her biri çykyşyny gyzyklanma bilen synladylar.

     Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň etrap  bölüminiň bilelikde guramagynda bolan bäsleşigiň netijesinde etrapdaky 3-nji çagalar bagynyň terbiýeçisi G.Öwezowa, Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçisi T.Baýramdurdyýewa, 19-njy orta mekdebiň müdiriniň terbiýeçilik işleri baradaky orunbasary O. Bäşimowa dagy degişli ugurlar boýunça ýeňiji boldy. Ýeňijilere bäsleşigiň welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk berildi we olara ýörite sowgatlar gowşuryldy.