logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /«Ýylyň zenany» atly bäsleşigiň etrap tapgyry geçirildi
  06.02.2023
1243
«Ýylyň zenany» atly bäsleşigiň etrap tapgyry geçirildi

Ak bugdaý etrabynyň Gämi obasynyň Medeniýet öýünde geçirilen «Ýylyň zenany» atly bäsleşigiň etrap tapgyryna gatnaşmaga gelen bagtyýar zenanlar, ilki bilen, ol ýerde giň gerim alan milli öwüşginli sergi bilen tanyşdylar. Sünnälenilip ýerine ýetirilen el işleriniň sergisinden göwünleri göterilen zenanlar gezekli-gezegine sahna çykyp, bäsleşigiň şertleri boýunça çykyş etdiler.

Zenanlaryň önümçilige, ýurduň syýasy-jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmagyna ýardam etmek, olaryň ähli ugurlardaky ornuny we işjeňligini ýokarlandyrmak, zenanlaryň başarnygyny hem-de ukybyny açyp görkezmek maksady bilen geçirilen bäsleşik uly gyzyklanma döretdi. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň etrap bölüminiň bilelikde guramagynda bolan bäsleşigiň netijesinde «Ýylyň işewür zenany», «Ýylyň çeper elli zenany», «Ýylyň sungatda işjeň zenany», «Ýylyň mährem zenany», «Ýylyň öňdebaryjy oba zenany», «Ýylyň telekeçi zenany» diýen ugurlar boýunça ýeňijiler kesgitlendi. Ýeňijilere ýörite sowgatlar gowşuryldy.