logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /Yzgant şäherçesinde 16 ýaşy dolan ýaşlara Türkmenistanyň raýatlyk pasportynyň gowşurylyş dabarasy boldy
  17.05.2023
1012
Yzgant şäherçesinde 16 ýaşy dolan ýaşlara Türkmenistanyň raýatlyk pasportynyň gowşurylyş dabarasy boldy

Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesiniň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 27-nji orta mekdebinde 16 ýaşy dolan ýaşlara Türkmenistanyň raýatlyk pasportynyň gowşurylyş dabarasy boldy. Bu dabarany welaýat häkimligi, welaýat polisiýa müdirligi hem-de jemgyýetçilik guramalary gurady.

Dabara gatnaşyjylar, ilki bilen, Gahryman Arkadagymyzyň atasy Berdimuhamet Annaýewiň mekdepdäki nurana ýadygärligine gül goýup, beýik ynsanyň ruhuna tagzym etdiler. Mekdebiň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan milli öwüşginli aýdym-sazlary synlamak olar üçin ýakymly boldy.

Bagtyýar ýaşlara Türkmenistanyň raýatlyk pasportlarynyň gowşurylmagy dabaranyň şatlykly we buýsançly pursatlaryna öwrüldi. Dabaraly günde raýatlyk pasportyny ele almak bagtyna eýe bolan ýaşlar ýürek buýsanjyny beýan etdiler. Dabara tamamlanandan soňra, ýaşlar mekdep muzeýine aýlanyp gördüler.