logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /Yzgant şäherçesinde aýdym-sazly dabara geçirildi
  25.01.2023
688
Yzgant şäherçesinde aýdym-sazly dabara geçirildi

Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesiniň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky Medeniýet köşgünde Watan goragçylarynyň güni mynasybetli aýdym-sazly dabara geçirildi. Oňa Watan goragynda sak duran esgerlerdir serkerdelerden başga-da, etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdy.

Dabarada ýetip gelýän şanly sene mynasybetli baýramçylyk gutlaglary aýdylyp, berkarar Watanymyzyň edermen goragçylarynyň göwnejaý gulluk etmekleri üçin zerur bolan ähli şertleriň döredilmegi ugrunda yzygiderli alada edýän hormatly Prezidentimiziň adyna alkyş sözleri beýan edildi.

Dabarada aýdym-saz toparlarynyň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan owazlarda Watan mukaddesliginiň, asuda durmuşymyzyň, merdana gerçeklerimiziň waspy öz beýanyny tapdy. Joşgunly sungat çykyşlary Watan goragçylarynyň göwnüni ganatlandyryp, toý ruhuny belende göterdi.