logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Science and Education /Yzgant şäherçesinde dabaraly maslahat geçirildi
  26.08.2023
698
Yzgant şäherçesinde dabaraly maslahat geçirildi

Ahal welaýatynyň Yzgant şäherçesiniň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky Medeniýet köşgünde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzalygyna kabul edilmegi mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi. Bu dabaraly maslahaty Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Gökdepe etrap Geňeşi, etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalary, medeniýet bölümi tarapyndan  guraldy.

 


Dabaraly maslahatda çykyş eden ýaşlar Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzalygyna kabul edilmegi mynasybetli ýürek buýsanjyny beýan etdiler we bu wakanyň ähmiýeti hakda gürrüň etdler.

 


Işjeň häsiýetde geçen maslahatda ÝUNESKO bilen köpugurly hyzmatdaşlygy giňeltmek, ýaşlaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak babatdaky tagallalary üçin Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň adyna alkyşly sözler aýdyldy.