logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Culture /Yzgant şäherçesinde halkara maslahat geçirildi
  13.10.2022
808
Yzgant şäherçesinde halkara maslahat geçirildi

12-nji oktýabrda, Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesiniň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky Medeniýet köşgünde, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň hem-de Ahal welaýat häkimliginiň bilelikde guramagynda «Türkmen keşdeçilik sungaty — umumadamzat mirasy» atly halkara maslahat geçirildi.

Maslahata jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, medeniýet we sungat işgärleri, keşdeçi-kürteçi zenanlar, mährem eneler gatnaşdylar. Şeýle-de bu foruma daşary ýurtlaryň birnäçesiniň wekilleri sanly ulgam arkaly goşuldylar. Bu ýere gelen myhmanlar ussatlyk bilen ýerine ýetirilen el işlerini, nepis haly önümlerini uly gyzyklanma bilen synladylar.